понедельник, 19 сентября 2016 г.

Mämmetweli Kemine


MÄMMETWELI  KEMINE (1770-1840)

Kemine XIX asyr türkmen edebiýatynyň ajaýyp söz ussadydyr. Onuň eserleri özüniň sadalygy, çuňňur ideýalylygy we ötgür ýumory bilen tapawutlanýar. Kemine türkmen halkynyň ýüreginde Gündogaryň beýik Ependisi hökmünde ýaşaýar.

Mämmetweli Kemine Saragt töweregine 1770-nji ýylda garyp daýhan Garadöwletiň maşgalasynda eneden bolýar. Agyr durmuş ony eklenç gözleginin agyr syýahatlaryna ýollapdyr. Kemine ýaşlykda Saragtda bir molladan ýazyp-bozmany öwrenýär. Harçsyzlyk sebäpli esli wagtlap okap bilmeýär.

Kemine wäşi, degişgen, şorta sözli ýigit bolupdyr. Onuň halk arasynda tanymal bolmagynda hem şol häsiýeti uly rol oýnaýar. Ýaşlykdan gazanan abraýy onuň argyşa gidýän kerwenlere goşulyşyp Buhara barmagyna kömek edýär. Buharada hem hüjre tutup okabermek Kemine başartmaýar. Şu ýerde hem ony ýoksulluk köseýär, Ol hem kyşiň hyzmatyny edip, hem okap başlaýar.

Ýöne yzynda galan maşgalasynyň ýagdaýynyň pes bolmagy, onuň yzyna dolanmagyna sebäp bolýar. Şahyrda okamaga bolan höwes, ony indi Hywa alyp gelýär. Äraly işanyňkyda birnäçe wagt bolup, ol ýene-de Saragta dolanýar. Kemine öz obasyndan Gurbanbagt diýen gyza öýlenýär. Gurbanbagtdan ogul bolýar. 29 ýaşyna ýetende Gurbanbagt ýogalýar. Ölümiň agyr labyry ony öňküden-de beter horlaýar.

Şahyr ömrüniň ahyryna çenli garyplykda ýaşapdyr. Kemine Mollanepss bilen gowy aragatnaşyk saklapdyr. Kemine 1840-njy ýylda aradan çykypdyr. Şahyryň nebereleri Baýramaly, Türkmengala töwereklerinde ýaşaýar.


KEMINÄNIŇ LIRIKASY


Keminäniň baý döredijiligi tematik taýdan örän giň hem her-taraplydyr. Onuň döredijiliginde ahlaky, sotsial deňsizlik, yşky-liriki eserlerde bar.

Durmuşy tema. Kemine durmuş wakalaryny öz zamanasynda başardygyça real görkezmege çalşan şahyrdyr. Onuň eserlerinde türkmen halkynyň durmuşy, isleg-arzuwlary beýan edilýär. Keminäniň durmuşy temada düzen goşgularynyň arasynda "Garyplyk", "Garyp", "Barynda", "Içmek" diýen goşgulary ideýa-çeperçilik taýdan has tapawutlanýar.

Kemine "Garyplyk" diýen dörtlemesinde pakyr-pukaralaryň näçs işleseler-de, oňat durmuşa ýetip bilmändiklerini suratlandyrýar:


Günde müň kowlasam, baý ýers gitmez,

Goş basyp, dulumda ýatar garyplyk.


Kemine ezýän we ezilýän gatlaklary seljerip bilipdir. Muny şahyryň "Garyp" diýen goşgusynyň:


Ýalbarar men "baý aga!" diýip, göýäki ak mumdan beter,

Baýlaryň basgançagy boldum - gysym gumdan beter,

"Ber hakym" diýip gyssasaň, çişer otyr humdan beter,

Ogry şum, orramsy şum, belki ol şumdan beter... -


diýen setirleri subut edýär.

Döwrüň adalatsyzlyklary zerarly agyr durmuşy başdan geçiren hemme zähmetkeşler bilen birlikde "garyplykdan" Keminänin. hem içleri otly tütün bolupdyr. Keminäniň. bu pikiri onuň "Içmek" goşgusynda dowam etdirilýär. Bu goşgy garyplygyň bütin elementlerini özünde jemleýär:


Ertir turup seretsem, dag keýginiň derisi,

Saryna ýagyş degen, hiç galmandyr sarysy,

Tüýli ýerindsn köpräk, tüýsüz ýeri-ýarysy,

Kimden galan ylhanat, ogşuk bahaly içmek.


Sotsial-tankydy goşgular

Turkmen klassyky edebiýatynda Keminäniň ady satirik şahyr hökmünde tutulmaga mynasypdyr. Öz döwrüniň sotsial garşylyklaryny görkezmek, halkyň agyr ýagdaýlaryna duýgudaşlyk bildirmek Keminäniň bütin döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyryň "Beýle", "Bir tüýsli", "Kazym" ýaly essrleri hut sotsial-deňsizligi görkezýän eserlerdir. "Beýle" goşgusynda şahyr güne işi hut din adamlarynyň özleri edýärler diýen pikiri öňe sürýer:


Dowzahy diýer sen dutar çalany,

Behişdi eýlär sen hüşür alany,

Bular-toýa, sen gözlär sen öleni,

Pirleriň dünýäde bolasy beýle.


Kemine "Kazym" diýen şygrynda kazy-sopulardan söz açyp, olary tankytlaýar we Magtymgulynyň pikirlerini döwrüne görä ösdürýär. Mysal üçin, Magtymguly:


Pygamber ornunda oturan kazy,

Para üçin elin aça başlady


-diýen bolsa, Kemine:


Diýsem kazylar kärini,

Aýdyp bolmazla ýaryny,

Ýalan sözleriň baryny

Satarsyňyz pula, kazym -diýen ýaly setirler bilen çykyş edýär.


Комментариев нет:

Отправить комментарий