вторник, 13 сентября 2016 г.

Kerim Gurbannepesow- Ýaş

Kerim Gurbannepesow
"Ýaş"
Uzakdan-a
oňat görýän.
Ýakyndanam
erbet görýän.
Ne jyn urdy gözlerime?
Nämekä bu ezýet berýän?
Golaýymda zat göremok –
Durşy bilen ümür, duman.
Bu nä boluş! Aklym haýran!
Görünse-de uzak asman,
Aýagymyň astyndaky
Ýer görnenok, aman, aman!
Uzakdan-a oňat görýän,
Ýakyndanam erbet görýän.
Nä jyn urdy gözlerime?
Nämekä bu ezýet berýän?
Uzakdan-a oňat görseň,
Golaýdanam erbet görseň,
Gapdalyňda duranlary
Görmän, ötüp gidiberseň –
Ulalypdyr diýmezlermi?
Diýjekleri juda hakdyr.
Beterräginem diýerler,
Ilçilikdir, ýol uzakdyr.
Hany,äýnek diýýäňizmi?
Äýnegiňem kömegi ýok.
Aňyrsynda göz bolmasa,
Äýnegiň özi görenok.
Golaýdan-a erbet görýän!
Uzakdanam – barha ýagşy!
Toba, toba, bir belanyň
Üstünden barmasam ýagşy.
Taýýarlan: Batyr Nuriýew

Комментариев нет:

Отправить комментарий