пятница, 23 сентября 2016 г.

"iPhone" daky 'i' harpynyň manysy...

iPhone ulanyanlar bilmeyan bolsanaz.

iPhone”uň öñündäki “i” harpy name?

iMac, iPhone ve iPod… Apple kompaniýasynyň çykarýan ähli önümleriniň başynda kiçi “i” harpy bar. Eýsem bu harp, nädip şeýle tanymal boldy; nireden çykdy?

Kiçijek “i” harpyny, Apple kompaniýasy ilkinji gezek 1998-nji ýylda iMac-de ullanypdy. Steve Jobs iMac-i tanadyp duran mahaly şol “i” harpyň näme many aňladýandygyny düşündiripdi.

“i” harpy ilki bada “internet” manysyny aňladýardy. Telefona eýe bolan adamlaryň aglabasy internedi ýokary tizlik we aňsatlyk bilen ullanyp boljak enjamlaryň, telefonlaryň gözlegindedi. iMac şol gereklilige jogap berip biljek enjamdy.

Mundan başga-da, Steve Jobs simwollaşan bu harpyň aňladýan beýleki manylaryny hem setirläpdi. Jobsa görä “i”, “individual” (şahsy), “instruct” (tabşyryk), “inform” (maglumatlandyrmak) we “inspire” (ylham almak) manylaryny hem aňladýar.

Harpyň iMac we beýleki Apple önümlerindäki üstünliginden soňra, 2007-nji ýyldaky ilkinji telefonynda, ÿagny iPhone-da hem ullanylmaga başlanyldy.

Galyberse-de, Apple kompaniýasynyň soňky önümleriniň başynda “i” harpy ýok. Mysal üçin: Apple Watch we Apple TV. Şu günki günde her haýsam bolsa bir elektroniki enjamyň internede bagly bolmagy aýratyn bir başarnyk hasaplanmaýandygy sebäpli, kompaniýanyň “i” harpyny ullanmagy goýbolsun edendigi çak edilýar.



Batyr Nuriyew

Комментариев нет:

Отправить комментарий