Kerim Gurbannepesow
"ÇAGA"
"ÇAGA"
Çagadyryn öýdüp ýörmegin köşek,
Eýýäm ýetişensiň, seniň ýaşyňda,
Jahyllaň elinde aňňal döwülipdi,
Küýze döwülipdi gyzlaň başynda.
Eýýäm ýetişensiň, seniň ýaşyňda,
Jahyllaň elinde aňňal döwülipdi,
Küýze döwülipdi gyzlaň başynda.
Olar çydapdylar, çydarsyň senem.
Kyn diýip, zähmetden gaçmagyn oglum.
Çagalyk ajap zat, ýöne sen ondan
Mümkingadar, irräk saýlanjak bolgun.
Kyn diýip, zähmetden gaçmagyn oglum.
Çagalyk ajap zat, ýöne sen ondan
Mümkingadar, irräk saýlanjak bolgun.
On bäşe ýetipsiň, eýýäm uly sen,
On alta ýetseň-ä eýýäm sen ärsiň.
Onsoň Gaýdar bolup başyňa düşse,
Giden bir polka-da komanda biýrsiň.
On alta ýetseň-ä eýýäm sen ärsiň.
Onsoň Gaýdar bolup başyňa düşse,
Giden bir polka-da komanda biýrsiň.
Biz bolsa henizem seniň adyňa,
Kä «köşegim» diýýäs, käte-de «guzym»,
Emma toýnaklaryňa köwşüm syganok.
Paltoňam meňkiden bir garyş uzyn.
Kä «köşegim» diýýäs, käte-de «guzym»,
Emma toýnaklaryňa köwşüm syganok.
Paltoňam meňkiden bir garyş uzyn.
Mölterýär, çiňerýär,
Oýlanýar guzym.
Näme jogap biýrkä? Garaşýan, emma
Ne «mä», ne «mö», ne «mo» – sesä çykanok.
Dymýa.
Oýlanýar guzym.
Näme jogap biýrkä? Garaşýan, emma
Ne «mä», ne «mö», ne «mo» – sesä çykanok.
Dymýa.
Tayyarlan: Batyr Nuriyew
Комментариев нет:
Отправить комментарий