понедельник, 26 сентября 2016 г.

Aç garna nämeler iýilmeýär?

Aç Garna nameler iyilmeyar?

Garnymyz aç galsa,gözümize hiç zat görünmeýär. Diňe iýmek hakda oýlaýarys. Emma aç galan wagtymyz hemme zady  iýmek dogrymyka? Nähili önümleri iýip,haýsyny iýmeli däl? Bu günki temamyz şu hakda. Aşakdakylary aç garna iýmek  maslahat BERILMEÝÄR:



Banan: Bananyň düzüminde magniý maddasy ýokary derejede bolanlygy üçin ony aç garyna iýmek bolmaýar. Sebäbi, bu miwe aşgazanyň bozulmagyna sebäp bolýar, magniý-kalsiý maddalaryň balansy bozulýar. Netijede ýürek işjeňligine zeper ýetirýär.



Apelsin: bu miwäni aç garyna iýseňiz aşgazanyňyzyň gaz we kislota doljagy anyk.



Sowuk içgiler: Beýle içgiler içege we aşgazan işjeňligini bozýar, oňa zeper ýetirýär. Netijede çynlakaý aşgazan-içege keselleri gelip çykýar.



Ýogurt: aç garyna ýogurt iýilmegi ýogurtyň pozitiw häsiýetleriniň ýok bolmagyna sebäp bolýar. Ýogurt nahardan 2 sagat soň iýilmeli, ýada ukydan öň içilmeli. Şonda onuň azyklyk gymmaty köpelýär.



Hurma: hurmany aç garyna iýmek pestin we kislotanyň köpelmegine sebäp bolýar,aşgazandan çykýan suwuklyk  goýlaşýar we netijede aşgazanda daşlar peýda bolýar.



Pomidor: pomidor hem hurma ýaly aşgazana daş jemleýär.



Şeker: şeker diýseň tiz siňýär. Şeker aşgazana,ýagny,aç garyna girende organizmi rahatlandyryjy gan düzümindäki insulini ýeterlik derejede üpjün edip bilmeýär. Bu bolsa göz kesellerini getirip çykarýar. Mundan başgada, şeker kislota işläp çykaryş häsiýetlerine hem eýedir.



Sarymsak:aç garyna ulanylan sarymsak özünden  alletsin maddasyny işläp çykarýar. Bu bolsa aşgazan we içege diwarlaryny şikesleýär. Netijede gastro spazma keselini getirip çykarýar.

Juda aç galyp giden ýagdaýyňyzda hem peýdalyrak  azyk önümlerini iýmäge endik ediň.  Ýadyňyzdan çykmasyn,aç garyna hemme zady hem  iýmek mümkin däldir!!!


SAGLYGYŇYZYŇ ÖZ ELIŇIZDELIGINI UNUTMAŇ!



Batyr Nuriyew

Комментариев нет:

Отправить комментарий