пятница, 30 сентября 2016 г.

Geň we gülkünç ölümler...

Geň we Gülkünç ölim

1) Aýakbarmagy ýüzünden ölmek. Meşhur Viski tagamçysy Jack Daniel 1911-de bir gün iş ýerine ir geldi. Seýfini açmak isledi emma paroly ýadyna düşmedi. Gahary gelip Seýfi depdi aýakbarmagy ýaralandy we infeksiýa geçirip öldi.

2) Apelsin gabygy ýüzünden ölmek. Bobby Leach Niagara şaglawuklardan böküp bilýân dünýâdâki ikinji kişidi. Bu batyr adam bir gün Tâze Zelandiýanyn köçesinde ýörâp barýarka bir apelsin gabygyna basyp taýyp ýykylyp aýagyny döwdürtýâr. Aýagy kesilmese bolonakdy. Köp wagtdan son aýakdaky döwükde çykan ýaralar sebapli öldi.

3) Oýlap tapan zadyny test edip durka. Bir Fransuz tikinçi öz oýlap tapan eşik şekilli paraşudyny barlamak isledi. Ol Eýfel minarasyndan aşak bökdi emma paraşut açylmady.

4) Ölümi dâlde ölmemesi gen. Rusýaly Grigory Rasputin (1869-1916) 10 kişi tarapyndan zâherlendi, emma ölmedi. Sonra tüpen bilen attylar ýene ölmedi, arkasyndan 3 sapar attylar ýenede ölmedi. Öllür ýaly urup bogmak islediler emma hiçisindede ölmedi. In sonynda Rasputin bir obada erkin ýaşap ýörkâ ajaly ýetip öldi.

5) Beýsbol topy ýüzünden ölmek. Hindistanly beýsbol oýunçysy Ray Champan bir beýsbol oýny gidip durka öldi. 1920-de gidip duran ýaryşda kellesine bir beýsbol topy degmesi ýüzünden öldi.



Batyr Nuriyew

четверг, 29 сентября 2016 г.

Täsinlikler...

Bir duysh ortaca 2-3 sekunt dowam edyar.
IQ testi yokary adamlar has kop duysh goryarler.
Las Vegas shaherindaki kumarhanalarda hic hili sagat yok.
Bir adim atmek un 200 myshsa hereketlenyar.
Ortaca ayallaryn boyy erkeklerden 12,5sm gysga bolyar.
Ayak bashbarmagynda 2 sunk bolup, galan barmaklarda 3 sunk bolyar.
Itlerin deri mazi ayagynda bolyar.
Govsi tuysuz erkekler tuyli erkeklerden has kop bagyrda sirroz keseline dushyar.
Soyyan ya da yigrenyan adamlaryny gorende gozun ulalya.
Burnunyz bn bashbarmagynyzyn boyy den Iymit kabul edilende 7s ashgazana dushyar.
Gok kitler in calt ulalyan haywan olar 22ayda 26tonna yetip bilyar. Yunuslar(delfin) adam yaly jynsy gatnashykdan lezzet alyan yeke tak hayvan.
Tozan bolejiklerinin in kop bolegi olen deri oyjukleridir. Awstariliyada kanalizasiyanyn suvy sagadyn ugry boyunca akyar.
Kirpiler suwa cummeyar. Eger 1stakan araga bir sany guran uzum atsan ol lift yaly ashakdan yokara, yokardan ashaga hereket edip duryar.
In calt osyan osumlik bambukdyr. ol gunde 90sm osyar.
Asgyranda butin bedenin yuregin bn bir pursatlyk duryar.
Dineje urkacy(samka) cybynlary(peshe) cakyar.
Yssy suw sowuk suwdan has agyrdyr.
Alma ertirine kofeden hem govy ukudan acyar.
Pishik 100sany itler 10sany ses edip bilyar.
Dunyade her adama 1mln garynjadan dushyar.
Kenguru yzyna yorap bilmeyar.
Shokalad itleri oldurip bilyar. 0,5kg shokalad iyse kicirak it olup biler.sebabi ol gan aylanysh we yuregi caltlandyryar.
Deniz atynyn erkegi(самец) govreli bolyan yeke tak jandar. Eyfelin in depesine cykmak un 1792 basgancak gecmeli.



Batyr Nuriyew

среда, 28 сентября 2016 г.

Wagt barada...

Wagt-adamyñ ömründäki iñ gymmatly serişdeleriñ biri.Wagt ýitirmek-özüñi we ömrüñi ýitirmekdir.

Bir günde 24 sagat,1440 minut,86400 sekunt bar.

Günümizin her bir sagadyny,minutyny hatda sekundy-bu biziñ üçin iñ uly,tapylgysyz baylykdyr.

Ýitirilen baýlygy gaýtadan toplap,gazanyp bolar.Emma ýitirilen,geçen wagty yzyna gaytarmak mümkin däl.

Günde 5 minut bihuda gecirilse,ýylda 30 sagada deñ bolar.Günde 1 sagat ýitirilse,ýylda 15 güne deñ bolar.

Bir gijedaki alýan 8 sagat ukymyz 1 ýylda 4 aýa deñ bolýar.

Wagtyñ gadryny bilmeýänler şowsuzlyga uçrar.

Wagt öwezi dolunmagy,yzyna gaýtarylmagy,täzelenmegi,satyn alynmagy mümkin bolunmadyk baýlykdyr.

Aslynda boş wagt diýlen zat ýokdur,diñe boş geçirilen wagt bardyr.



Batyr Nuriyew

'SAMSUNG' my? 'iPhone' my?


Dünyänin öndebaryjy kompaniyalary tehnologiya enjamlarynyn bazardan has köp pay almak üçin bäslesyärler. Bu bäsdeşlik enjamlaryn hilinin yokarlanmagyna we has elyeterli bolmagyna getirýärr. Mobil enajamlaryny öndürmekde dünyanin öndebaryjy iki kompaniyasy "Samsung" we "Apple" kompaniyalarynyn arasyndaky bäsdeşlik barha itileşyär. Iri şereketler esasan smartfonlary, planşetleri we
akylly"sagatlary öndüry är. Häzire çenli Günorta Koreyanyňa şereketi öz
enjamlaryny has elyeterli bahadan
hödürleyän bolsa, "Apple" gymmat
smartfonlary satmagy bilen tanalyardy. Geçen yyl amerikan kompaniyasy özünin in arzan smartfonyny
hödürledi. Indi Günorta Koreyanyň
tehnologiya kompaniya sy hem öz harytlaryny esasy iki ugra( gymmat we el yeterli) bölmek isleyär. Sol sebäpli has yokary hilli we gymmat enjamlary hödürläp başlady. "Samsung" y sonky satuwa cykaran "Galaxy Note 7" enjamy hem ozalkylardan gymmat. "Apple"-in esasy peydasyny programmalar we beyleki hyzmatlaryň satuwyndan alynyan girdejiler emele getirýär. Korey şereketi bolsa, enjamlaryň satuwyndan gowy girdeji gazanyar, Amerikan we korey kompaniya s
täze smartfon golayda tanysda
boljakd satuwynyň nähili Boljakdygy yakynda belli bolar.

IN KÖP SATYLAN SMARTFON

Su yylyn ikinji çaryegindäki
maglumatlara gora dunya de in köp isleg bildirilen smartfonyň "iPhone 6s" bolandygy mälim edildi."Kantar" we "Strategy Analytics"şereketlerinin maglumatlaryna görä, dünyäde smartfon alanlaryň 4,2 göterimi (14,2 million sany) bu enjamy saylapdyr. anaw ikinji yerini 2,5 göterimlik pay bilen (8,5 million sany) ''iPhone 6'' eyeleyär. Degişli döwürde müşderilerin 2,4 göterimi (8,3 million) "Samsung Galaxy
S7 edge" smartfony ny satyn alypdyr. Maglumatlarda täze smartfon satyn alan ABS-ly musderilerin 11 goteriminin iPhone 6si saylandygy aýdylyar.Seyle hem yurtda ''Apple" in sonky enjamy iPhone SE"-nin satuwy has yokarlanypdyr.
Yylyn ikinji Çaryek müşderilerin 5 göterimi bu enjamy satyn alypdyr.Günorta Koreyanyn "Samsung" kompaniyasynyn"Galaxy S7 edge enjamyny alan müşderiler umumny sarp edijilerin 9 göterimini emele getiripdir.



Batyr Nuriyew

вторник, 27 сентября 2016 г.

Meşhur kompaniýalaryn atlary nähili gelip cykypdyr?...

Meshur Kompaniyalaryn atlary nahili gelip cykypdyr???


Acer- «Acer» sözi latyncadan "syzgyr, yiti gozli, josgunly" diyip terjime edilyar.


Adobe – kompaniya esascysy Jon Wornok (John Warnock)yn oyi towereginden akyp gecyan derya Adobe Creek hormatyna goyulan.


Adidas – firma esascysy Adi Dasler adyndan alynan.


Apple- Kabir maglumatlara gora, Apple (alma)- kompaniya esascysy Stiw Jobsyn (Steve Jobs) soyguli miwesi. Basga maglumatlar boyunca-kompaniya esascysy/meyilnamacylaryndan birinin soyguli almasydyr. Taze biznes ucin at tapmaga uc ay dowamynda netijesiz urunyshlardan son Stiw Jobs oz shariklerine sheyle shert goyupdyr: " Eger sagat 5-e cenli gowy at tapmasanyz, kompaniyany Apple diyip atlandyryaryn". Gornushinden, gowy at tapyp bilmedige menzeyarler.


ASUS- bu sowda belgisinin ady Pegasus (pegas) sozunden gelip cykan. Pegas gadymy yunan mifologiyasynda ylham bagysh ediji, soyguli, ganatly atdyr. Kompaniya ady sanawlarda (alfawit boyunca) birinji durmagy ucin Pegasus sozunden p harpyny alyp zynyp, Asus adyny galdyrypdyrlar.


Canon- Kompaniyanyn ady buddadaky rehimlilik hudayy Kwanon (onun ozi bodhisatwa Avalokiteshvara) hormatyna atlandyrylan. Emma dunya bazarlaryna cykmak bn dini guramalar narazylyklarynyn onuni almak maksadynda ady uytgedilip, Canon diyip atlandyrylyar.


Cisco ady—Kaliforniya shtaty San-Fransisko (San Francisco) shaherinin gysgaldylan adyndan alynan. Ilki, kompaniya esascylary oz kompaniyalary ucin at saylanlarynda eyelenen yada peydalanylan atlara dush gelyarler. In sonunda, kimdir birinji "c" kici harpy bn "cisco" adyny teklip edyar ( "CISCO" atly kompaniya bardy). Mundan dasary, basga takmynlar hem bar, olara gora, kompaniyanyn ady ilki San-Francisco Systems diyip atlandyrylan we yazylan, emma hasaba alysh wagtynda adwokatyn (yada notariusyn) yalnysh hereketi kompaniya ady bn titul sahypasy yyrtylmagyna alyp gelipdir. Kompaniyanyn geljekgi eyeleri muny alamat diyip dushunip, cisco Systema adyny kici harp bn bellige alypdyrlar.


Coca-Cola- Bu icgi koka agajy yapraklary we kola atly tropik agac hozyndan tayyarlanany ucin Coca-Cola diyip at berilen.


Corel – kompaniya esascysy Mayk Kouplend (Dr. Michael Cowpland) hormatyna. Gineltmesi- COwpland REsearch Labaratory- Kouplendin barlag laboratoriyasy.


Daewoo – kompaniya esascysy Kim Wu Chong firmasyna yonekey edip "Beyik kosmos" diyip at beren.


Fuji – Yaponiyadaky in beyik dag Fudzi adyndan.


Google – 100 sany nol bn anladylyan birlik-Googol sozunden alynan. Bu meyilnama esasynyn awtorlary birinji inwestordan Google sozi yazylan chek alyarlar. Sonra dorediljek gozleg sistemasyna shu at berilen.


HP (Hewlett-Packard) – esascylar Bill Hyulett ( Bill Hewlett) we Deyv Pakkard ( Dave Packard) kompaniya adynda kimin ady birinji goyulmagy ucin tenne bn jedel edipdirler. Gorshuniz yaly Bill yeniji bolupdyr.


Hyundai – koreychada “hazirki”, “shu wagtdaky” diyen manyny anladyar.


Kodak – “K” kompaniya esascysy Jorj Istmenin soyguli harpy bolupdyr. Ol ine shu "yakymly" harp bn bashlanyp, shu bn gutaryan soz gozleyar. Mundan basgada K dunyanin ahli alfabitlerinde diyen yaly bir hili gornushde yazylyar. In sonunda Kodak sozi saylanyar. At berijilerin pikirice, fotokamera surata alanda edil sheyle ses cykaryarmysh.


Mitsubishi – kompaniya esascysy Yataro Ivasaki 1870-nji yylda oylap tapan, yapon dilinde "Uc brilliant" diyen manyny anladyar.


Nissan –ilki Nichon Sangio – “Yapon senagaty” ady bn meshur bolan.


Nokia – Finlandiyanyn Nokia shaherindaki agajy gaytadan ishleyan zawody kop yyllyk osush we ozgerish netijesinde rezin gaplar we durli tehniki enjamlar ishlap cykaryp bashlady. Zawoda shaher ady berilen.


Siemens – kompaniya Verner fon Simens (Werner von Siemens) tarapyndan esaslandyrylan.


Xerox – oylap tapyjy Chastot Karlson oz enjamy adynda "gury" diyen manyny anlatmakcy bolupdyr. Cunki sho dowurdaki nusgalayjy enjamlar cyglylyk bn ishleyardi. "Xer"- grekcede gury diyen manyny anladyar.



Batyr Nuriyew

понедельник, 26 сентября 2016 г.

"OK" sözüniň manysy?

Ok sozi name diymek?

Bolyar,dushnukli manysyny beryar we butin dunyade Ok diyilip gysgaldylyp ulanylyar. Kim bilyar ok sozi nadip emele geldi. Hazir size dusundirmekci. Ok sozi hergun dunyade milyonlarca adamlar tarapybdan ulanylyar. Bu sozun bular yaly dunyade kop ulanylmasynyn sebabi name? Togalak"O" we duz cyzyklardan bolan"K" harpyndan emele gelmesindenmi? 1839-njy yyllarda ABS nyn Boston shaherinde BBC nin habarynda uly paragrafta "all correct" yagny hemme zat yolunda, sozlerinde "O" we "K" harplary ulanylyp yazyldy. Munun sebabini bilyan yok ya yazgy yalnyslygy sebabi ya da degisme bolsun diyip yazylan bolmagy ahmal. Elbetde bu waka uzyn surmedi. Ok in populer bolmasynyn bir sebabi ABS prezident saylawlaryndan yola chykyar. Prezident saylawlarynda Martin Van Buurenenin doglan yerine "old kinderhook" lakamy berildi. Tarapdarlary bu lakamdan yola chykyp "ok" toparyny doretdiler. Ok in dilimize calt girmesinin sebabi nirden tutsan tut hemme dillerde de O bn K harp bardyr. Bu sebabpli dilimizde ulanmaga yakyn gorunenligi ucin OK diylip ulanmaga baslandy. Aslynda OK bosluk dolduryan bir soz dal, onun yerine "Bolyar","Dusnukli" yaly sozlerini ulanmagymyz has yerlikli bolsa gerek.



Batyr Nuriyew

Aç garna nämeler iýilmeýär?

Aç Garna nameler iyilmeyar?

Garnymyz aç galsa,gözümize hiç zat görünmeýär. Diňe iýmek hakda oýlaýarys. Emma aç galan wagtymyz hemme zady  iýmek dogrymyka? Nähili önümleri iýip,haýsyny iýmeli däl? Bu günki temamyz şu hakda. Aşakdakylary aç garna iýmek  maslahat BERILMEÝÄR:



Banan: Bananyň düzüminde magniý maddasy ýokary derejede bolanlygy üçin ony aç garyna iýmek bolmaýar. Sebäbi, bu miwe aşgazanyň bozulmagyna sebäp bolýar, magniý-kalsiý maddalaryň balansy bozulýar. Netijede ýürek işjeňligine zeper ýetirýär.



Apelsin: bu miwäni aç garyna iýseňiz aşgazanyňyzyň gaz we kislota doljagy anyk.



Sowuk içgiler: Beýle içgiler içege we aşgazan işjeňligini bozýar, oňa zeper ýetirýär. Netijede çynlakaý aşgazan-içege keselleri gelip çykýar.



Ýogurt: aç garyna ýogurt iýilmegi ýogurtyň pozitiw häsiýetleriniň ýok bolmagyna sebäp bolýar. Ýogurt nahardan 2 sagat soň iýilmeli, ýada ukydan öň içilmeli. Şonda onuň azyklyk gymmaty köpelýär.



Hurma: hurmany aç garyna iýmek pestin we kislotanyň köpelmegine sebäp bolýar,aşgazandan çykýan suwuklyk  goýlaşýar we netijede aşgazanda daşlar peýda bolýar.



Pomidor: pomidor hem hurma ýaly aşgazana daş jemleýär.



Şeker: şeker diýseň tiz siňýär. Şeker aşgazana,ýagny,aç garyna girende organizmi rahatlandyryjy gan düzümindäki insulini ýeterlik derejede üpjün edip bilmeýär. Bu bolsa göz kesellerini getirip çykarýar. Mundan başgada, şeker kislota işläp çykaryş häsiýetlerine hem eýedir.



Sarymsak:aç garyna ulanylan sarymsak özünden  alletsin maddasyny işläp çykarýar. Bu bolsa aşgazan we içege diwarlaryny şikesleýär. Netijede gastro spazma keselini getirip çykarýar.

Juda aç galyp giden ýagdaýyňyzda hem peýdalyrak  azyk önümlerini iýmäge endik ediň.  Ýadyňyzdan çykmasyn,aç garyna hemme zady hem  iýmek mümkin däldir!!!


SAGLYGYŇYZYŇ ÖZ ELIŇIZDELIGINI UNUTMAŇ!



Batyr Nuriyew

воскресенье, 25 сентября 2016 г.

Samsung "sensorly ýüzük" öndürer...

Sensorly yüzük öndürer

Geçen yylyn ahyrynda "Samsung»
kompaniyasy "akylly'' ük öndür
mage mümkincilik berjek patent alypdy.
Onuň çäklerinde öndüriljek enjam beýleki
akylly" yüzüklerden has köp iş edip bi-
ler. Enjamda telefon jaňlaryna jogap ber-
mek üçin bir sany düwme bar. Şeyle hem,
adatça, "akylly" bileziklerdäki yaly ýürek
urşuny ölçeyän ayratynlyk bolar. Häzirki
wagtda inženerler bu enjamy işläp tayyar-
layar. Onun satuwa tayyar boljak wagty
ayan edilmedi.



Batyr Nuriyew

Dünýäniň iň beýik köprüsi...

Dünyänin
in beyik
köprüsi açyldy

Dünyänin in beyik köprüsi Hytayda
guruldy. Golayda onun resmi taýdan
açylys dabarasy boldy. Ol «Beypanszyan
diýlip atlandyrylyp, Nicžu deryasynyň üs-
tünden geçyär hem-de Yunnan we Guýczou welayatlary.
ny birleşdirýär.
Köprünin beyikligi 565 metr bo-
lup, onun uzyn-lygy 1341 metre
barabardyr. cyl-
syrymly desganyňa gurluşygy 3 yyl dowam
etdi. Köprünin açylandygyna garamaz-
dan, onun üstünden ulag gatnawy dekabr
da başlanar.
Soňky yyllarda hytayly inženerler ençe-
me cylsyrymly desgalary gurmagyň hötde-
sinden geldi. Bu yurtda dünyä derejesinde
birnäce tomobil, demir yol hem-de
py-
yada köprüleri gurlup, ulanmaga berildi.
Muna mysal edip, şu yylyň awgust ayyn-
da dünyänin aynadan yasalan in iri köprüsi
açyldy. Çžanszyasze milli seyilgähinde gur-
lan köpri, esasan hem, yerli hem-de daşary
rtsyyahatçymar usin niyetenendi



Batyr Nuriyew

суббота, 24 сентября 2016 г.

1,8 million adam haj parzyny berjaý etdi...

1,8 million adam
haj parzyny berjay etdi.
Şu ýyl 1 million 800 münden gowrak
adam Mekge säherinde haj parzyny
berjay etdi. Bu barada "Al-Arabiya" teleyay-
lymy Saud Arabystanynyn Statistika edara-
syna salgylanyp,
habar berdi.
Teleyaýlymyň
habaryna görä,daşary yurtlar
dan 1 million 325 mun adam
Saud
Arabys-
tanyna bardy. Haj parzyny yerine yetiren
musulmanlaryň 537 münden gowra
Saud
Arabystanynyňa öz rayatlarydyr. Hajylaryn 1
million 82 muni erkek, 780 en gowragy zenan maşgalalardy
Haj
döwründe Gurban bayramy bellenip
yan. Yu
Gurban bayramy 12-nji sent-
yabrda başlap, käbir yurtlarda 3 gün, käbirin-
de has köp gün dowam etdi. Ruhy päkligin
sahawatlylygyn bayramy hasaplan-
yan bu bayramyndan sonra janly
(goyun,
geci, düýe sygyr )gurban etmekden ybaratdyr



Batyr Nuriyew

Ginnese giren "GREK SALADY"...



Russiyanyň paytagty Moskwa, sähe
rinin meydanynda in uly grek sala-
dy tayyarlandy we ol Ginnesin rekordlar
kitabyna girizildi. Russiya bilen Gresi-
yanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary
pugtalandyrmak maksady bilen geçirilen
halkara festiwalyn çaklerinde grek sala-
dy tayyarlandy.
Bu işdäacary tayyarlamak üçin müne
golay adam gatnaşdy. Ginnesin rekordyny
tazelemek üçin 20 tonna barabar isdaaçar
tayyarlamaly boldy. Emma ol garasylan-
dan hem köp cykdy. Takmynan, önki 100
kilogramdan köp işdäaçar tayyarlanyp,
rekord täzelendi. Ginnesin rekordlar kita
by nyn wekili bu çarä gatnasyp, festiwaly
guraýjy "Muzenidis trewel" kompaniya-
nyn yolbaşçysy Boris Muzenidise degişli
şahadatnamany gowsurdy.



Batyr Nuriyew


Täsin METEORIT...



Täsin meteorit

Görüp otursalar, 2000-nji yylda Yere ga-
can meteorit Gün ulgamynyň uzak kün-
jünin "myhmany" eken. Alymlar has uzak
aralykdan düşen asman jisiminin,
bolsa, birmahal Koyper guşagynyň bir bölegi-
digine ynanyarlar. Koyper guşagy Neptunyň
orbitasynda yerleşyär. 2000-nji yylda Kana-
da gaçan bu meteoritin diametrinin başdaky
ululygy bäs metrden gowrak bolupdyr. Yöne
onun Yerine gorag gursawy bilen sürtülmegi
netijesinde, uly bolmadyk özeni gal
Alymlar meteoritin galyndylaryny bar-
lagdan geçirip görseler, onun himiki düzümi
ozalky barlanan meteoritlerden düypli tapa
wutly bolup çykdy. "şunun yaly meteoritler
Yere juda seyrek düşyärler, çünki olar älema
has uzak kunjünden gelýärler. Has takygy,
bu asmag jisimi Koyper guasagyna degişli bolup çykdy" diyip hünärmenler aydyarlar.



Batyr Nuriyew


ÝOGA - kesellerden goraýar...



Ýoga yürek-damar, duwnuk, Suyjukesel
we beýleki yokanç däl kesellerin howpuny
düypli peseldyär diyip, Hindistanyň sag-
lygy gorayys ministri Jagat Prakas Nadda
aydyar. Onun sözlerine görä, yokanç däl ke-
sellerin köpüsinin yüze cykmagynyň sebäbi
nädogry durmuş yörelgesidir. Yoga bolsa,
ony gowulyga tarap özgertmäge yardam
berýär. Yoga bedeni, ruhy we any bir yere
jemleyär. Ol öz saglygyňa dogry çemeleşme-
gi owredyar
Yoga bu maşklaryň jemi däl-de, eysem,
adamy özgerdyän filosofiya diyip, Nadda
aydyar. Mundan ozal, Kaliforniya uniwersi-
tetinin barlag geçirijileri yoga we meditasiya
bilen
mesgullanmagyn beyna peydalydy-
gyny yüze cykardylar. Ol yady sazlap, huş-
suzlykdan gorayar. Barlaglar yoganyň we
meditasiyanyn yatkesligi ösdürmek üçin ni-
yetlenen ähnli türgenleşiklerden täsirlisidigini
yüze çykarypdyr.



Batyr Nuriyew


"Palow" nahary barada gyzykly maglumat...

                    

Halkymyzyň arasynda Palowy mundan müň yyl ozal Lukman Hekim oylap tapypdyr diyen aytgy bar. Oňa "Palaw aş" diyip at beripdir. Onuň her harpy bir goşulyan önümleri aňladyar. Yagny:

P- "Pyyaz" -yagny sogan
A- "Ayez"- kâşir
L- "Lahm"- et
O- "Oliya" - yag
W- " wet"- duz

A- "Ab"- suw
Ş- "Şaly" tüwi
Şol döwürlerde ulanylan şiwe sözleri bolup bularyň hemmesi Palowa goşulyan önümleriň manysyny beryar.
Lukman Hekim Palowy derman hökmünde döredip, endamy suwlanyp, çişip oturan Buhara hökümdaryny bejeripdir, ony ayaga galdyrypdyr.
Palow köp derdiň dermany hasaplanyp, ol ilki bilen adamyň ganyny tâmizleyâr. Şonuň yalyda ganyň düzümine yokumlylyk, gujurlylyk beryar. Palaw adam içegeleriniň diwarlarynda dörân her hili yaralary bejermage kömek edyar.
Palowyň iň esasy ayratynlygy bolsa adamyň aşgazanyndaky we bedenindâki gerekmejek zyyanly suwlary, suwuklyklary we gakylyklary özüne siňdirip ayyryanlygydyr.İl içinde bolsa " Hepdede bir gezek palow we balyk iyyan adamyň yanyna dert gelmez" diyen aytgylar hem bar... Umuman aydanmyzda Türkmen palowyna tay geljek nahar yok bolsa gerek... Öyleriňizde gazanlar atarlyp, palowlar buglanyp



Batyr Nuriyew


Döwletmämmet Azadynyň ömri we döredijiligi...

Döwletmämmet Azady 1695- nji yilda eneden doglup, Garrygala, Etrek, Gürgen sebitlerinde yaşap geçipdir. Döwletmämmediň edebi lakamy Azady bolupdyr. Döwletmammediň kakasynyň adyna Magtymguly diýipdirler.

Ol dürli gol hünarleri bilen birlikde, ýona tikmage-de ökde ekeni. Şonun üçin oňa Magtymguly ýonaçy diýipdirler. Ol şahyrçylykdan habarly ekeni.

Magtymguly-ýonaçy özünin päk zahmeti bilen yaşan adam. Dayhançylyk, at esbaplaryny tikmek, gurnamak yaly işler bilen meşgullanypdyr. Ökde kümüşçi ussa bolupdyr. Özi-de sowatly, poeziýadan onat başy çykýan adam bolany üçin halk ony sylapdyr . ýonaçy öz kakasynyň-Döwletmammediň adyny dakýar . ýöne bu oglunyň ýaşlykdan “GARRYMOLLA” diýen lakamy ýörginli bolyar.Şu fakt garrymollanyň diňe bir kakasy Magtymguly-ýonaçy sowatly bolman, eýsem onuň atasy Döwletmämmet-ýonaçynyň hem halk arasynda “Molla” adyny alan hatly- sowatly adam bolandygyna güwä geçyär. Diýmek, Azady arkama-arkam aňyrdan gelyän sowatly, medeniyetli we gurply maşgalada dünä inipdir, terbiie alypdyr.

Döwletmämmet-Azady ilki oba mollasynda sowadyny çykýar. Soňra Hywa medreseleriniň birinde okuwyny dowam etdirýär. Medrese döwründe ol arap, pars dillerini kämil öwrenýär. Türki ýazuw dilini oňat özleşdirýär. Şol wagt şu dillerde ýazylan we talaplara elýeter bolan edebiýata, taryha, filosofiýa, esasan hem yslam dininiň taglymatlaryna degişli kitaplary, golýazma ýygyndylary irginsiz okaýar we öwrenýär. Megerem, şol ýyllarda onuň öz halkyna neneňsi hemaýat etmelidigi baradaky özboluşly oý-pikiri tertibe girip ugrandyr. Sebäbi Hywada okap, Nyzamyny, Nowaýyny, Jamyny, Hysrow Dählewini… okamazlyk, bilmezlik mümkin däl ahyry. Belki ony türki dilde eser ýazmaklyga iteklän Alyşir Nowaýy bolandyr!

Döwletmämmet-Azady Nowaýynyň “Sabai saýýar” (“Edi älem”) eseri bilen tanşanda, onuň 36-njy babynda Bähramyň Nowaýa ýüzlenip aýdýan şu sözlerini-de okandyr: “Olaryň ( Nyzamy, Dählewi, Jamy dagy göz öňünde tutulýar) farsy kelamlary farsy äheňler bolup, ondan çykan owazlar hem farsy labzyndady… Olary farsyçany bilyän kişiler okap, köp türki halklar ondan bibähre galypdyrlar. Sen öz nyzamyňny türki dilde ýazdyň, farsy dilinde yazmagy ar-namys bildiň…

Dünýädäki şahslar içinde kim türki bolsa, ol ýeriň halklary hem türki dilde gepleşýärler. Sen şu halaty hasaba alanyň sebäpli türki ulusyny (ilini) gaty begendirmekde, ylymly-bilimli etmekde, edebi döredijilik işine ugrukdyrmada uly rol oýnarsyň”

Döwletmämmet-Azady 65 ýaşap, 1760-njy ýylyň mart aýynda aradan çykýar. Magtymguly kakasynyň ölümüne bagyşlap ýazan “Atamyň” diýen elegiýasynda onuň 65 ýaşandygyny şeýle ýatlaýar:

“Altmyş bäşde, nowruz güni lu ýyly
Turdy ajal, ýoluň tusdy atamyň;
Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli?
Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň!”

Döwletmämmediň jaýlanan ýeri Etrek çaýy bilen Soňy dagynyň arasynda-Aktokaýda ýerleşýän Garry molla diýen gonamçylykdadyr.



Batyr Nuriyew

пятница, 23 сентября 2016 г.

"iPhone" daky 'i' harpynyň manysy...

iPhone ulanyanlar bilmeyan bolsanaz.

iPhone”uň öñündäki “i” harpy name?

iMac, iPhone ve iPod… Apple kompaniýasynyň çykarýan ähli önümleriniň başynda kiçi “i” harpy bar. Eýsem bu harp, nädip şeýle tanymal boldy; nireden çykdy?

Kiçijek “i” harpyny, Apple kompaniýasy ilkinji gezek 1998-nji ýylda iMac-de ullanypdy. Steve Jobs iMac-i tanadyp duran mahaly şol “i” harpyň näme many aňladýandygyny düşündiripdi.

“i” harpy ilki bada “internet” manysyny aňladýardy. Telefona eýe bolan adamlaryň aglabasy internedi ýokary tizlik we aňsatlyk bilen ullanyp boljak enjamlaryň, telefonlaryň gözlegindedi. iMac şol gereklilige jogap berip biljek enjamdy.

Mundan başga-da, Steve Jobs simwollaşan bu harpyň aňladýan beýleki manylaryny hem setirläpdi. Jobsa görä “i”, “individual” (şahsy), “instruct” (tabşyryk), “inform” (maglumatlandyrmak) we “inspire” (ylham almak) manylaryny hem aňladýar.

Harpyň iMac we beýleki Apple önümlerindäki üstünliginden soňra, 2007-nji ýyldaky ilkinji telefonynda, ÿagny iPhone-da hem ullanylmaga başlanyldy.

Galyberse-de, Apple kompaniýasynyň soňky önümleriniň başynda “i” harpy ýok. Mysal üçin: Apple Watch we Apple TV. Şu günki günde her haýsam bolsa bir elektroniki enjamyň internede bagly bolmagy aýratyn bir başarnyk hasaplanmaýandygy sebäpli, kompaniýanyň “i” harpyny ullanmagy goýbolsun edendigi çak edilýar.



Batyr Nuriyew

Arhimed barada...

Mi­la­dy­dan öň 287- 212 Ar­hi­med – ga­dy­my grek ma­te­ma­ti­gi, fi­zi­gi we oý­lap ta­py­jy­sy bo­lup­dyr. Ol ry­ça­gyň teo­ri­ýa­sy­ny iş­läp dü­züp­dir, su­wy we agyr ýük­le­ri gal­dyr­mak üçin ony tej­ri­be­de ula­nyp­dyr.

Üs­tün­den 2000 ýyl ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, he­ni­ze çen­li adam­lar onuň “Ma­ňa da­ýanç no­ka­dy­ny be­riň, men Ýe­ri gö­te­re­ýin” di­ýen söz­le­ri­ni ha­ky­da­syn­da sak­la­ýar­lar. Bu söz­le­ri ryçagyň nazaryýetini iş­läp dü­zen we onuň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne akyl ýe­ti­ren görnükli grek alymy - ma­te­ma­ti­gi, fi­zi­gi we oý­lap ta­py­jy­sy Arhimed aý­dyp ge­çip­dir.

Ol Si­ra­ku­zyň hö­küm­da­ry­nyň gö­zü­niň al­nyn­da po­li­pas­tan we leň­ňer­den yba­rat çyl­şy­rym­ly en­jam­y ula­nyp, gä­mi­ni suwa goý­be­rip­dir. In­di kim­dir bi­ri tä­ze açyş eden bol­sa, “Ew­ri­ko!” (Tap­dym!) di­ýen sözi şy­gar bo­lup ýaň­lan­ýar. Köp­e mä­lim Ar­hi­me­diň ka­nu­nyny açan­da, alym şeý­le di­ýip gy­gy­ran eken.

Şeý­le hem Ar­hi­med ekin meý­dan­la­ry­ny su­war­mak üçin oba ho­ja­lyk ma­şyn­la­ry­ny we zyň­mak üçin ni­ýet­le­nen harby en­jam­la­ry oý­lap ta­pyp­dyr. Ol gid­ros­ta­ti­ka­nyň esa­sy­ny go­ýup­dyr, onuň baş ka­nun­la­ry­ny anyk­lap­dyr we ji­sim­le­riň ýüz­me­gi­niň şert­le­ri­ni öw­re­nip­dir.

Ar­hi­me­diň uçur­syz teh­ni­ki ze­hi­ni rim go­şun­la­ry onuň Si­ra­ku­zy şä­he­ri­ne ýö­rüş eden­de has aý­dyň ýü­ze çy­kyp­dyr. Ar­hi­me­diň ma­şyn­la­ry rim­li­le­ri hü­jüm et­mek­den bo­ýun ga­çyr­ma­ga we şä­he­ri ga­ba­ma­ga geç­mä­ge mej­bur edip­dir. Di­ňe ha­ýyn­lyk Si­ra­ku­zyň der­we­ze­le­ri­ni duş­ma­na açyp be­rip­dir.

Bi­ziň gün­le­ri­miz­de Gre­si­ýa­da, ha­ky­kat­dan-da Ar­hi­med Gün şöh­le­le­ri­niň kö­me­gi bi­len rim­li­le­riň gä­mi­le­ri­ni ot­lap ba­şa­ran­dy­gy­ny bar­lap gör­me­gi ýü­re­gi­ne düw­di­ler. Ýet­mi­şe go­laý adam deň­ziň ke­na­ryn­da Si­ra­ku­zyň go­raý­jy­la­ry nä­hi­li ula­nan bol­sa­lar, el­le­rin­de mis gal­kan­la­ry sak­lap ha­ta­ra du­rup­dyr­lar. Ha­çan­da olar Gün “şöh­le­le­ri­ni” agaç gä­mi­niň ma­ke­ti­ne tu­tan­la­ryn­da, ol bir­nä­çe se­kunt­dan soň, tu­ta­şyp ýan­ma­ga baş­lap­dyr.



Batyr Nuriyew

четверг, 22 сентября 2016 г.

Türkmen edebiýaty barada gysgaça maglumat...

Türkmen edebiýaty

Türkmen edebiýaty iň gadymy edebiýatlaryň biridir. Ol özüniň taryhyny gadymy zamanlardan alyp gaýdýar. Türkmen edebiýaty bizi gadymy zamanlardan başlap, Şu günlere çenli halkyň ýaşaýşy, durmuşy, dürli wakalara gatnaşyşy, gahrymançylyklary, pajygaly ýagdaýlary, arzu-islegleri, bagtly-şatlykly durmuşlary bilen çeper tanyş edýär. Halkyň döreden şahyrana eserleri: “Gorkut ata”, “Oguznama” , “Kabusnama”,”Görogly” , “Sasenem-Garyp” ýaly onlarça eposdyr dessanlar köp asyrlar mundan öňki gahrymançylykly, durmuşy, taryhy wakalary habar berýär. -z taryhyny gadym zamanlardan alyp gaýdýan edebiýatyň has ösen döwri orta asyrlardyr. Bu asyrlarda Orta Azyýada Mahmyt Kaşgary “Diwany- Lügat et-türk” , Abu Abdylla Muyzzi (1047- 1127), Omar Haýýam (1048- 1122), Sanjar (1083-1157) “Seljuknama”, Hoja Ahmet Ýasawy (1103-1166) , Aly “Kyssaýy-Ýusup” (1233), Mahmyt Pälwan (1247-1326), Ahmet Burhaneddin Siwasly (1345-1398) Horezm1i “Muhabbetnama” (1353), Seýit Nesimi (1370-1417), Alyşir Nowaýy (1441-1501) ,Wepaýy “Rownakyl yslam” (1464) , Muhammet Fizuly (1500-1563), Muhammet Baýramhan (1505-1561). Abdyrahym Baýramhan ogly (1556-1626), Berhudar Türkmen “Ragna we Zyba” Garaja oglan (1606-1679) ýaly beýik şahyrlar ýaşap eserleri bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyny baýlaşdyrypdyrlar. Orta, asyrlaryň iň görnükli talantlarynyň biri Muhammet Baýramhandyr. Ol diňe bir şahyr, bagşy-sazanda däl-de , Hindistanda Mongollar köşgüniň baş weziri , harby serkerde-”Han- hanan” hem bolupdyr. Baýramhanyň türki, pars, urdy dillerinde ýazan goşgulary asyrlar geçip, biziň döwrümize ýetipdir.

XVIII asyr türkmen edebiýatynyň özboluşly ösen döwrüde ýaşan görnükli, progressiw pikirli söz ussatlary:“Döwletmämmet- Azadynyň (1700-1760) “Wagzy-azat” , “Magtymguly-Pyragynyň” (1733-1783) graz'danlyk Lirikasy, Nurmuhamet-Andalybyň (1710-1770) “leýli-Mejnun”, “Ýusup-Züleýha” , “Oguznama” , Abdylla -žabendänin (1720 -1800) , “Gül “ Bilbil”, “žabährem” , Syýahatnama , “Ĺžeýdaýynyň (1730 -1800 )” , “Gül-Senuber” Mahmyt Gaýybynyň (1734-1800) , “Otuz iki tohum kyssasy” , Gurbanaly Magrupynyň (1740-1810) “Seýpelek-Medhaljemal” , “Döwletýar”, “Ýusup-Ahmet” , “Aly beg-Baly beg” ýaly eserleri türkmen edebiýatyny , dilini we medeniýetini biçak ösdürýär. XVIII asyr türkmen edebiýatynda agzybirlik, il-ýurdy söýmek we ony goramak , bir bitewi döwlete birleşmek , mertlik , batyrlyk , wepalylyk , ar-namysly bolmak “ baş temalar bolýar.Çeper edebiýatda milli özboluşlylyk , täze mazmunly poeziýa , realistik ugur , progressiw ideýalar has aýdyň dużulýar .

XIX asyrda türkmen edebiýaty döwrebap ösüş ýoluny geçýär. Bu döwrüň türkmen edebiýatynda XVIII asyrda düýbi tutulan esasy temalar, progressiw ösdürilýär , kämilleşdirilýär.

XIX asyrda özleriniň dürdäne eserleri bilen külli türkmene özüni tanadan klassyk şahyrlar: Mämmetweli Kemine, Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili , Mollanepes , Annagylyç Mätäji we başgalar ýaşapdyr. Bu talantly şahyrlaryň durmuşy dogruçyl beýan edýän , zähmetkeşiň duýgy-dünjesini, ýürek owazyny çeper aňladýan goşgulary ýüreklere teselli berip, dilden -dile geçip gelipdir.

XIX asyrda türkmen topragy dürli taryhy wakalaryň şaýady bolupdyr. Muny Abdy Setdar Kazynyň “Jeňnama” (Tekeleriň uruş-kyssa kitaby) poemasy tassyklaýar. “Jeňnama” (1862) poemasynyň üsti bilen beýik akyldar Magtymgulynyň türkmen tirelerini birleşdirmek , bir bitewi türkmen döwwletine-ýeňilmez güýje öwürmek baradaky progressiw ideýlarynyň XIX asyrda durmuşa geçip başlandygyny açyk aňýarys.

XX asyryň başyndaky (1900-1917) türkmen edebiýatynyň taryhyny Döwletmämmet Balgyzyl , Molladurdy , Baýram şahyr , Körmolla, Durdy Gylyç ýaly halk arasynda giňden tanalan şahyrlar bezeýär . Bu şhyrlar öz eserlerini , esasan durmuşy , sosiyal deňsizlik temalarda düzüp, türkmen edebiýatyna öz goşantlaryny goşupdyrlar.

Türkmen sowet edebiýaty (1917-1990) özüniň döreýiş we ösüş başlangyjyny beýik Oktżabr Sosialistik rewolżusiýasynyň ýeňşinden alýar. Onuň döreżiş we ösüş prosesi ýurdumyzdaky sosiýalistik durmuş ajaýyp söz ussatlarynyň -ýazyjy -şahyrlaryň: Mollamurtuň, Berdi Kerbabaýewiň Ata Gowşudowyň, Agahan Durdyýewiň, Oraz Täçnazarowyň, Hydyr Derýaýewiň, Nurmyrat Saryhanowyň, Ata Salyhyň, Aman Kekilowyň, Gara Seýitliýewiň, Towşan Esenowanyň, Kerim Gurbannepesowyň we başgalarynyň döredijilik talanty bilen berk baglanyşýar. Türkmen Sowet edebiýaty geçen taryhy döwrüň içinde tema, ideýa-çeper-çilik janr taýdan has ösýär we kämilleşýär. Onuň taryhyny Beýik Oktýabr, W.Ý.Lenin, partiýa, türkmen halkynyň geçen taryhy -rewolýusiýon ýoly, beýik watançylyk urşunda sowet halkynyň beýik Ýeňşi, parahatçylyk, halklaryň dostlygy, Sowet adamsy we onuň zähmet hem ahlak sypatlary barada ýazylan ýüzlerçe çeper, şahyrana eserler bezeýär .


Türkmen edebiýatyny öwrenmekde onuň ençeme asyrlyk taryhyny yzarlamakda, ýüzlerçe talantlaryň döredijilik dünýäsine göz aýlamakda bize şu “Türkmen ýazyjylarynyň portretleri” diýen komplekte girýän 16 ýzyjy-şahyryň kömek berjekdigine ynanýarys.



Batyr Nuriyew

среда, 21 сентября 2016 г.

Ata Gowşudowyň ömri we döredijiligi...



Ata Gowşudow türkmen halkynyň görnükli ýazyjylarynyň biri bolup, 1903-1953 ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir. Ol hekaýa, powest, roman ýazmaklyk bilen meşgullanypdyr.

Ömri
Ýazyjy 1903-nji ýylda Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Büzmeýin obasynda eneden dogulýar. Atanyň ejesi belli ertekiçi aýal Ogulgerek eje bolupdyr. Ýaşlykda Ogulgerek eje öz ogluna rowaýatdyr, ertekiler aýdyp beripdir. Şeýlelikde Atada halk döredijiligine we çeper edebiýata söýgi döräpdir. Ol ilki oba mekdebini tamamlaýar, soňra mugallymçylyk kursunda okaýar. Ol 1922-nji ýylda sowet partiýa mekdebinde okaýar. Ol şol döwürde „Gyzyl puluň gullary“ atly pýesasyny ýazýar. 1922-nji ýyldan başlap Moskwadaky Gündogar zähmetkeşleriniň kommunistik uniwersitetinde okap başlaýar. Bu ýerde okamak onuň gözýetimini giňeldýär, rus edebiýatyna bolan söýgini döredýär. Türkmenistanda kadr ýetmezçilgi sebäpli Atany Moswkadaky uniwersiteti gutarmanka işe çagyrýarlar. Ol 1925-nji ýylda „Ýaş Kommunist“ gazetinde işläp başlaýar. 1927-1933-nji ýyllar aralykda Magaryf işlerinde işleýär. 1933-nji ýylda „Sowet Türkmenistan“ gazetiniň edebi işgäri bolup işleýär. 1934-nji ýylda „Ýolumy düzetdim“, „Azaşan yzyny tapdy“ ýaly hekaýalary ýazýar. 1938-nji ýylda Türkmen döwlet ylmy derňew dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri bolup işleýär. Ol şonda halk döredijiligini toplamak bilen meşgullanýar. Ata Gowşudowyň "Perman" romanynda Gökdepe söweşi tragediýasy hakyky teswirlenip görkezilýär. Ýöne romany çap etmeklik sowet döwründe senzura ugraýar, we romanyň ilkinji baby bütünleý ýogadylýar. Galan baplaryny Ata Gowşudow aradan çykansoň, ýazyjy Nargylyç Hojageldiýew ýolbaşçylyk edip çap etdirýär.

Hekaýalar
Gandym awçynyň maşgalasy
Gajar aga
Azaşan yzyny tapdy
Ýolumy düzetdim
Garrynyň Sözi
Ýelli Ödäniň öýlenişi
Powestler
Dordepel
Watan ogly
Iň soňky arçyn
Romanlar
Perman
Mähri-Wepa
Köpetdagyñ eteginde
Pýesalar
Juma
Gyzyl puluň gullary
Görogly
Ganly jeňňel



Batyr Nuriyew


Magtymguly Pyragy - Gerekdir

„Menem“ diýen goç ýigide
Bir mynasyp ýar gerekdir.
Arap at, ýowly ýigide
Almaz zülpükar gerekdir.

Ýigit oldur – ýurt üstünde,
Janyn berse din üstünde,
Goç ýigitler il üstünde
Namys bilen ar gerekdir.

Bäş gün köňül hoş etmäge,
Supra ýaýyp, nan dökmäge,
Abraý alyp, at etmäge,
Gollarynda bar gerekdir.

Mekgä baran bolar hajy,
Aýralyk ölümden ajy,
Goç ýigide din gylyjy,
Aşyga didar gerekdir.

Artdyr pelek ah-u zaryň,
Alar elden ygtyýaryň,
Magtymguly, söwer ýaryň
Syýa zülpi tar gerekdir.



Batyr Nuriyew

вторник, 20 сентября 2016 г.

iPhone 6 we iPhone 6+ satuw gadagan edildi

Dünýäde Apple meşhur smartfonlarynyň satuwlarynda öňe geçmek üçin, gör nämeleri etmeýärler.

Pekin hökümiýeti Apple şereketiniň iPhone 6 we iPhone 6 Plus smartfonlarynyň satuwlaryny gadagan etdi.

Munuň ýaly, geň galdyryjy gadagan edilmäniň sebäbi, tassyklanylmadyk fakt, Apple şereketiniň iki sany nusgasy hamala Burley hytaý şereketiniň nusgalarynyň göçürmesi diýlip çaklanylar diýip «Engadget» neşirýaty habar berýär.

Barlag wagtynda, Pekiniň intellektual özbaşdaklygyny goraýan býurosy barlagy esasynda, Apple şereketi bikanun 100C smartfonynyň dizaýnyny ogurlapdyr.

Bilermenleriň pikri boýunça, iki smartfon nusgalarynyň arasynda tapawut gaty uly däl, adaty satyn alyjy olary çalşyp hem satyn alyp biler.

Munuň ýaly fakty ýüze çykarylandan soňra, ýerli häkimýet Pekinde iPhone 6 we iPhone 6 Plus telefonlaryny satmaklygy gadagan etdiler.

Şeýle-de, Apple şereketiniň bu çözgüde arz edip suda berendigi hem bellidir.



Batyr Nuriyew

TMCELL we MTS barada maglumat...

Salam hormatly agzalar we
gadyrly myhmanlar!.
Öñden bäri TM CELL(Altyn Asyr)-
yñ bahalary barada bir topar
maglumatlar bloglarda
ýazylylypdy. Ýöne açyk we anyk
maglumatlar giñishleýin
düshündirilmändi. Men shu gün
gazet okap otyrkam,
"Türkmenistan" gazetinde TM
CELL-iñ nyrhlary barada bu
maglumatlary okadym we siz
bilen paýlashaýyn diýdim.
Içimizde bahalary bilmän info
tapman ýörenlerimiz bardyr, ine
sholara kömek höküminde shu
blogda TM CELL-iñ nyrhlary
hakda giñishleýin(jañlar, wideo
jañlar, sms, mms, gprs, 2G, 3G
w.sh.m) we anyk bahalaryny
hakda maglumat goýjak. MTC(tm)
barada-da azajyk özümiñ bilýän
infolarymy ýerleshdirjek.
TM CELL barada:
Изображение
GSM-den GSM-e çykysh jañlar (TM
CELL ulgamy), bir minut üçin -
0,10 manat
GSM-den GSM- girish jañlar (TM
CELL ulgamy), bir minut üçin -
0,00 manat
GSM- den shähere we shäherara
aragatnashyk ulgamyna çykysh
jañlar, bir minut üçin - 0,12
manat
GSM-e ähli girish jañlar (GSM TM
CELL ulgamyndan bashga), bir
minut üçin - 0,12 manat
SMS hyzmatlary (bir SMS üçin) -
0,08 manat
Wideo jañlar ähli ugurlary
boýunça (çykysh we girish jañlar
halkara jañlaryndan bashga), bir
minut üçin - 0,20 manat
Ulgamyñ içinde girish jañlary -
0,00 manat
MMS hyzmatyny birikdirmek -
0,00 manat
Bir çykysh MMS hyzmaty üçin
(TM CELL ulgamy we bashga
operatoryñ ulgamyna), - 0,20
manat
GPRS hyzmaty: 1 M/baýt,
(göwrümli maglumat üçin) - 0,20
manat
Jañlar 4 sekunt wagtdan soñ
nyrhlandyrylýar. Soñky
sekuntlar 1 minut gepleshik
hökmünde nyrhlandyrylýar.
Täze nyrhlarymyzy
birikdirilende minimal
hyzmatlarynyñ sanawy:
2G - Standart nyrhy üçin:
1. Ulgama birikdirmek - 0,00
manat
2. SIM-karta üçin - 3,00 manat
3. Abonent tölegi - 2,00 manat
4. Shäherara aragatnashygy
çykysh koduny birikdirmek -
0,00 manat
5. SMS hyzmatyny birikdirmek -
0,00 manat
6. Belgini anyklamak hyzmatyny
birikdirmek - 1,17 manat
Jemi hyzmatlar paketi üçin -
6,17 manat
2G - Standart nyrhynda GPRS
hyzmatyny ulanmak hem
mümkindir (birikdirmek 5
manat)
3G - Internet nyrhy üçin:
1. Ulgama birikdirmek - 0,00
manat
2. SIM-karta üçin - 3,00 manat
3. Abonent tölegi - 2,00 manat
4. Shäherara aragatnashyga
çykysh koduny birikdirmek -
0,00 manat
5. SMS hyzmatyny birikdirmek -
0,00 manat
6. Belgini anyklamak hyzmatyny
birikdirmek - 1,17 manat
7. GPRS hyzmatyny birikdirmek -
5,00 manat
8. 1 G/baýt maglumat üçin töleg -
70.00 manat
Jemi hyzmatlar paketi üçin -
81,17 manat
Ähli nyrhlar GBSS-i bilen
görkezilen.
Habarlashmak üçin telefon
belgileri: 39-88-26, 39-27-67.
MTC (tm) barada:
Eger MTC (tm) ulanýan bolsañyz,
ýörite özüniñ resmi saýtlary bar:
www.mts.tm ýa-da wap.mts.tm.
Shu ýerlerlerden MTC (tm)-yñ
tariflary, hyzmatlary, nyrhlary
barada giñishleýin tanyshyp
bilersiñiz. "MTC hasabym" - bu
bolsa MTC nomeriñizdäki
hasabyñy görüp we dolandyryp
(*131# jañ aýlaýañyz, parol
gelýär. paroly sho linkdäki öz
ýazmaly ýerine ýazýañyz,
ashagynda nomeriñizi ýazýañyz
soñ öz hasabyñyzy internediñ
üstünden dolandyryp bilýäñiz.
*131# jañ aýlap parol almak
mugtdyr.) bilersiñiz!



Batyr Nuriyew

Dalçyn ýady ösdürýär...



Dalçyn ýady ösdürýär

Eger de, çaganyň mekdepde ýetişigi
gowşak bolsa, mysal üçin, ol maglu-
matlary hayal özleşdiryan bolsa, onun iýmit
sanawy na dalcyn gosun, ABS-nyn Raş uni-
wersitetinin alymlarynyň sözlerine görä, dal-
çyn okuwa ukybyňy güyçlendirýär. Doggrusy,
okuwa bolan ukyp, çagalykdan belli bolyar.
Yöne ömrün dowamynda, onun üstünde iş-
lap güyçlendirip bolyar. Käbir okuwcylar
tagalla edyändigine garamazdan, sapakla-
ry oňat özleydirip bilmeyärler. Dalcyn bol-
sa, ozalbaşdan zehinleri gowsaklara ýardam
bermäge ukyplydyr. Şeyle hem dalcyn mag-
lumatlary özleşdirmekde yene-de has ýokary
göterilmek isleyänlere yardam bermeyär.
Beynide yady emele getirmäge, guramaga
we ony saklamaga gippokamp joggap beryär.
Bilermenler gowy okamayan okuwcylaryň gippokampynda CREB (yatkeslik we okuw prosesi üçin möhüm bolan) belogynyň azdygyny we
GABRA5 (beyninin gecirijiligini hayalladyan.
birleşme) belogynyň hem kopdügini aydyň-
laşdyrdylar. Dalcyn öz nobatynda, bedende
benzoat natriya öwrülýän. Bu birleşme bolsa,
beýnä zeper yetmelerini bejermekde ulanyl-
ýar. Haçan-da, benzoat natriya beynä aralaşanda,
CREB-in derejesinin yokarlanmagyna we
GABRA5 in hem peselmegine alyp baryar. Bu yagday gippokampyň neyronlarynyň çeyeligine sebäp bolyar.
Netijede, ol yadyň gowulaşmagyna we okuwa bolan ukyplaryň artmagyna alyp baryar.


Google we synag...

Gowy iýmitlenmegiň, aýdym-saz diňlemegiň, ýeterlik uklamagyň, küşt oýnamagyň ýa-da tapmaça çözmegiň zehinimizi ýiteldýändigini biz köpden bäri bilýäris. Emma siz “Google” internet sahypasynda gözleg geçirmegiň we synaglara gatnaşmagyň hem zehinimiziň ýitelmegine güýçli täsir edýändigini bilýärmidiňiz?Kaliforniýa uniwersiteti tarapyndan geçirilen ylmy-derňewlere laýyklykda, hepdede üç-dört gezek 20 minut töweregi Google internet sahypasynda gözleg geçirmeklik beýnimiziň işjeňleşmegine we ondaky küleňsi maddanyň artmagyna oňyn ýardam edýändigi ýüze çykaryldy. Çünki Google saýtynda gözleg geçirmek islänimizde bize zerur bolan tema barada ilki özümiz parhynda bolmazdan beýnimizde gözleg geçirýäris. Şoňa görä-de, internet sahypasyna buýruk berýäris. Eger-de biz Google saýtynda gözleýän temamyz bilen baglanyşykly iň ýakyn sözi ýazmasak, onda biz şol tema bilen baglanyşykly anyk maglumatlary tapmakda kynçylyk çekýäris.Angliýanyň Kent döwlet uniwersitetiniň alymlary bolsa ýakynda amala aşyran ylmy-derňew işleriniň netijesinde ýaşlaryň yzygiderli synag tabşyrmaklarynyň olaryň beýnisiniň işjeňleşmegine, zehininiň ýitelmegine we ýatkeşliginiň güýçlenmegine oňyn täsir edýändigini anykladylar. Ýylyň dowamynda bary-ýogy 2 gezek synag geçirilen topar bilen 8 sekiz gezek synag geçirilen topary deňeşdirenlerinde bolsa köp synag tabşyran toparyň talyplarynda maglumatlary uzak wagtlap ýatda saklap bilmek, meselelere tiz düşünmek, synagda wagty tygşytlamak, özlerini rahat alyp barmak ýaly hereketleriň kämilleşendigine göz ýetirdiler. Bu babatda uniwersitetiň professory Katerin Rowson “Köp synag tabşyrmak geljekde öwrenilen maglumatlary uzak wagtlap ýatda saklap bilmek mümkinçiligini dolulygyna artdyrýar, şeýle hem zehini ýiteldýär” diýýär.

Wi-fi barada düsünje...

Wi-Fi tehnologiýasy barada düşünje
Wi-Fi – “Wireless Fidelity” sözüniň gysgaldylan görnüşi bolup, simsiz takyklyk, toruň simsiz görnüşi diýmegi aňladýar. Wi-Fi tehnologiýasy “Wi-Fi Alliance” topary tarapyndan oýlanyp tapylýar. Wi-Fi – bu Elektrik we elektronik inženerligi institutynyň 802.11 standartyna (IEEE 802.11 standarts) laýyk gelýän islendik WLAN enjamy diýip, “Wi-Fi Alliance” topary düşündiriş berýär.Häzirkizaman enjamlaryň ählisi diýen ýaly Wi-Fi tehnologiýasyny ulanyp bilmek mümkinçiligi bilen öndürilýär, meselem, kompýuterler, noutbuklar, planşetler, telefonlar. Bu tehnologiýa arkaly içki tor ýa-da Internet toruna simsiz baglanyp bolýar. Wi-Fi torunda giriş nokady (Access point) bolýar, ýagny merkezi nokat, şol nokadyň üsti bilen ulanyjy şol tora ýa-da Internet toruna birigip bilýär. Giriş nokady enjamlarda döredilýär. Eger giriş nokady bolmasa, diýmek Wi-Fi tory ýok. Mysal üçin, iki sany ulanyjy Wi-Fi tory, ýagny simsiz tory arkaly kompýuterleriniň arasynda faýl alyş-çalşygy etmek isleseler, bir ulanyjy öz kompýuterinde giriş nokadyny döretmeli. Giriş nokady açarsözli, açarsözsüz hem bolup bilýär, bulary giriş nokadyny gurnaýan ulanyjy kesgitleýär. Şeýlelikde, iki ulanyjy hem şol giriş nokadyna baglanýarlar, bu diýmek ikisi hem bir Wi-Fi toruna baglandylar. Netijede, ulanyjylar ýokarda agzalan gerek amallary ýerine ýetirip bilýärler.
Wi-Fi tehnologiýasynyň howpsuzlygy
Wi-Fi torunda enjamlaryň arasynda fiziki baglanyşyk bolmaýar. Şeýle-de, Wi-Fi dürli şifrleme usullaryny ulanýar. Muňa mysal edip, WEP, WPA, WPA2, WPS protokollaryny bermek bolar. WPS (Wi-Fi Protected Setup) protokoly beýleki protokollara görä howpsuz diýip düşündiriş berilýär. Mysal üçin, Wi-Fi giriş nokadyny WPS protokoly arkaly çylşyrymly açarsözüň goraglylygy we şifrleme bilen üpjün etmek bolar. Wi-Fi tehnologiýasynyň amatly taraplary-Ykjamlylyk. Adamlar öz enjamlary bilen iş ýerlerinde, kitaphanalarda, seýilgählerde Wi-Fi tehnologiýasy arkaly Internet toruna baglanyp bilerler. Şeýle hem, “akylly” (Smart) enjamlara Wi-Fi modulyny ornaşdyryp, olary dolandyryp bilerler.-Gurnalmagy aňsat, çykdajysy az. Simli, ýagny kabelli tora görä Wi-Fi toruny gurnamak aňsat. Şeýle-de, kabelli tory gurnamak üçin köp swiçler, kabeller satyn alynmaly bolýar. Wi-Fi toruny gurnamakda bolsa munuň ýaly çykdajylar az.-Tora ulanyjy goşmak. Wi-Fi toruna ulanyjy birikdirmek üçin programma derejesinde mümkin, adaty torda bolsa goşmaça kabel hem gerek bolýar. Wi-Fi tehnologiýasynyň amatsyz taraplary-Howpsuzlyk.
 Soňky wagtlarda açarsözsüz ýa-da açarsözleri aňsat bolan Wi-Fi giriş nokatlaryna girmek mümkinçiligi aňsatlaşdy.-Aragatnaşyk çägi. Adaty Wi-Fi torunyň aragatnaşyk çägi uzak aralykly däl. Muny giňeltmek üçin has köp enjam almaly bolýar.-Aragatnaşyk hili. Şol bir kanalda işleýän käbir Wi-Fi nokatlary biri-biri bilen çaknyşyp bilerler we bu aragatnaşygyň hiline täsirini ýetirip biler. Wi-Fi tehnologiýasyny nirelerde ulanyp bolar?Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde şäherimiziň ilaty we myhmanlary söwda nokatlarynda, dynç alyş merkezlerinde, myhmanhanalarda, şeýle hem seýilgählerde Internet hyzmatlarynyň Wi-Fi (simsiz) görnüşi bilen üpjün edilýär. Muňa mysal edip, “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi, “Ýyldyz” myhmanhanasy, “Ylham” seýilgähi, internet kafeleri bermek bolar. Bulardan başga-da, ilatymyza internet hyzmatlarynyň dürli nyrhnamalary hödürlenýär. Şunuň bilen baglanyşykly, çäksiz internet nyrhnamasyny mysal hökmünde bermek bolar. ADSL internet simini Wi-Fi routere baglap, çäksiz internet nyrhnamasyny kompýuter-aragatnaşyk enjamlarynda simsiz ulanyp bolýar. Wi-Fi tehnologiýasyny iş we okuw maslahatlarynda, ýygnaklarda, sergilerde hem ulanyp bolýar.Dürli pudaklarda, dürli taslamalarda bu tehnologiýany ulanmak bolar. Mysal üçin, banklar internet bank hyzmatlarynda, müşderiler banka gelende öz kompýuter-aragatnaşyk enjamlaryndan bankyň Wi-Fi toruna, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek bilen, baglanyp, hasaplaryny, töleg taryhlaryny, bankyň web saýtyny görüp bilerler. Beýleki ykdysady edaralar hem müşderilerden hasabat almakda, resminamalary kabul etmekde Wi-Fi tehnologiýasyndan peýdalanyp bilerler. Şeýlelikde, işiň netijeliligi artar we wagt tygşytlylygy bolar.

понедельник, 19 сентября 2016 г.

Mämmetweli Kemine


MÄMMETWELI  KEMINE (1770-1840)

Kemine XIX asyr türkmen edebiýatynyň ajaýyp söz ussadydyr. Onuň eserleri özüniň sadalygy, çuňňur ideýalylygy we ötgür ýumory bilen tapawutlanýar. Kemine türkmen halkynyň ýüreginde Gündogaryň beýik Ependisi hökmünde ýaşaýar.

Mämmetweli Kemine Saragt töweregine 1770-nji ýylda garyp daýhan Garadöwletiň maşgalasynda eneden bolýar. Agyr durmuş ony eklenç gözleginin agyr syýahatlaryna ýollapdyr. Kemine ýaşlykda Saragtda bir molladan ýazyp-bozmany öwrenýär. Harçsyzlyk sebäpli esli wagtlap okap bilmeýär.

Kemine wäşi, degişgen, şorta sözli ýigit bolupdyr. Onuň halk arasynda tanymal bolmagynda hem şol häsiýeti uly rol oýnaýar. Ýaşlykdan gazanan abraýy onuň argyşa gidýän kerwenlere goşulyşyp Buhara barmagyna kömek edýär. Buharada hem hüjre tutup okabermek Kemine başartmaýar. Şu ýerde hem ony ýoksulluk köseýär, Ol hem kyşiň hyzmatyny edip, hem okap başlaýar.

Ýöne yzynda galan maşgalasynyň ýagdaýynyň pes bolmagy, onuň yzyna dolanmagyna sebäp bolýar. Şahyrda okamaga bolan höwes, ony indi Hywa alyp gelýär. Äraly işanyňkyda birnäçe wagt bolup, ol ýene-de Saragta dolanýar. Kemine öz obasyndan Gurbanbagt diýen gyza öýlenýär. Gurbanbagtdan ogul bolýar. 29 ýaşyna ýetende Gurbanbagt ýogalýar. Ölümiň agyr labyry ony öňküden-de beter horlaýar.

Şahyr ömrüniň ahyryna çenli garyplykda ýaşapdyr. Kemine Mollanepss bilen gowy aragatnaşyk saklapdyr. Kemine 1840-njy ýylda aradan çykypdyr. Şahyryň nebereleri Baýramaly, Türkmengala töwereklerinde ýaşaýar.


KEMINÄNIŇ LIRIKASY


Keminäniň baý döredijiligi tematik taýdan örän giň hem her-taraplydyr. Onuň döredijiliginde ahlaky, sotsial deňsizlik, yşky-liriki eserlerde bar.

Durmuşy tema. Kemine durmuş wakalaryny öz zamanasynda başardygyça real görkezmege çalşan şahyrdyr. Onuň eserlerinde türkmen halkynyň durmuşy, isleg-arzuwlary beýan edilýär. Keminäniň durmuşy temada düzen goşgularynyň arasynda "Garyplyk", "Garyp", "Barynda", "Içmek" diýen goşgulary ideýa-çeperçilik taýdan has tapawutlanýar.

Kemine "Garyplyk" diýen dörtlemesinde pakyr-pukaralaryň näçs işleseler-de, oňat durmuşa ýetip bilmändiklerini suratlandyrýar:


Günde müň kowlasam, baý ýers gitmez,

Goş basyp, dulumda ýatar garyplyk.


Kemine ezýän we ezilýän gatlaklary seljerip bilipdir. Muny şahyryň "Garyp" diýen goşgusynyň:


Ýalbarar men "baý aga!" diýip, göýäki ak mumdan beter,

Baýlaryň basgançagy boldum - gysym gumdan beter,

"Ber hakym" diýip gyssasaň, çişer otyr humdan beter,

Ogry şum, orramsy şum, belki ol şumdan beter... -


diýen setirleri subut edýär.

Döwrüň adalatsyzlyklary zerarly agyr durmuşy başdan geçiren hemme zähmetkeşler bilen birlikde "garyplykdan" Keminänin. hem içleri otly tütün bolupdyr. Keminäniň. bu pikiri onuň "Içmek" goşgusynda dowam etdirilýär. Bu goşgy garyplygyň bütin elementlerini özünde jemleýär:


Ertir turup seretsem, dag keýginiň derisi,

Saryna ýagyş degen, hiç galmandyr sarysy,

Tüýli ýerindsn köpräk, tüýsüz ýeri-ýarysy,

Kimden galan ylhanat, ogşuk bahaly içmek.


Sotsial-tankydy goşgular

Turkmen klassyky edebiýatynda Keminäniň ady satirik şahyr hökmünde tutulmaga mynasypdyr. Öz döwrüniň sotsial garşylyklaryny görkezmek, halkyň agyr ýagdaýlaryna duýgudaşlyk bildirmek Keminäniň bütin döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyryň "Beýle", "Bir tüýsli", "Kazym" ýaly essrleri hut sotsial-deňsizligi görkezýän eserlerdir. "Beýle" goşgusynda şahyr güne işi hut din adamlarynyň özleri edýärler diýen pikiri öňe sürýer:


Dowzahy diýer sen dutar çalany,

Behişdi eýlär sen hüşür alany,

Bular-toýa, sen gözlär sen öleni,

Pirleriň dünýäde bolasy beýle.


Kemine "Kazym" diýen şygrynda kazy-sopulardan söz açyp, olary tankytlaýar we Magtymgulynyň pikirlerini döwrüne görä ösdürýär. Mysal üçin, Magtymguly:


Pygamber ornunda oturan kazy,

Para üçin elin aça başlady


-diýen bolsa, Kemine:


Diýsem kazylar kärini,

Aýdyp bolmazla ýaryny,

Ýalan sözleriň baryny

Satarsyňyz pula, kazym -diýen ýaly setirler bilen çykyş edýär.


воскресенье, 18 сентября 2016 г.

Magtymguly Pyragy - Ýagşy

Hoş günüñde hoştablaşyp gezmäge,
Baryşmaga, gelişmäge ýat ýagşy,
Gamly günüñ, galmagalyñ üstünde
Gardaş ýagşy, dogan ýagşy, zat ýagşy.

Halal işle, ahyretden wehmiñ bar,
Pakyry ynjytma, köñül rehmiñ bar,
Aşyk aýdar, azda-köpde pähmiñ bar,
Akyl bolsañ, söze gulak tut ýagşy.

Ýürek daýanlydyr ogul zürýaty,
Şirin mahbup erer süññüñ kuwwaty,
Ýigidiñ dünýäde üçdür myrady:
Mahbup ýagşy, ýarag ýagşy, at ýagşy.

Mollalar ahyret sözün söýlärler,
Müñkür olma, gerçek işdir, eýlärler,
Kim biler ki, ahyretde neýlärler,
İýip, içip, münüp, guçup öt ýagşy.

Tañry giñ eýlese bende köñlüni,
Ryzk agzyna girer tutsañ elini,
Döwlet güzer etse, tapar ýoluny,-
Geler bolsa, gider bolsa, ýat ýagşy.

Nep almaýan kişi sözden, öwütden,
Enaýlygy bolmaz gury söwütden,
Deñ duş bilmez, many añmaz ýigitden,
Agylyñda yssy beren it ýagşy.

Magtymguly, dostdan syryñ gizleme,
Biwepadyr nämähremi gözleme,
Ümsüm otur, halk iöinde sözleme,
Sözlär bolsañ, söz aslyna ýet ýagşy!

суббота, 17 сентября 2016 г.

Android telefonlar hakynda gysgaça maglumat...

Geliñ bilelikde ''Android'' telefonlar barada GYZYKLY MAGLUMATLARY bilelikde okalyñ. We bu maglumaty beýleki dostlaryñyz bilen hem paýlaşyñ.
1) Android wersiyalaryn atlaryna
uns bersen ol alfabetdaki(inlis harplary) yaly yzly-yzyna gidyar.
Cupcake, Donut, Eclair, Froyo,
Gingerbread, Honeycomb, Ice
cream sandwich, Jelly bean, Key
lime pie.
2) Birinji Android sistemada işlap
başlan telefon HtC Dream G1-dir.
3) Ilkinji android priloženiýa
meshhur Snake oyunydyr.
4) Androidler uchin yasalan ilkinji
virus SMS-Trojan-dyr.
5) Google yasaýjylary Android
sistemany yasamak uchin
12million setir kod yazdylar.
Olaryn 3 mln setiri XML, 2.8 mln
setiri C, 2.1 mln setiri Java, 1.75
mln setiri C++ kotlarydyr.
6) Android sistemanyn logosy
hakyky ozleri tarapyndan
duzulmedik ol Atari
sistemalaryndan alynan.
PEÝDALY MASLAHATLAR:
1) Eger telefonyn ekrany döwülip
yada OS hijem işlemän gerek
fayyllarynyzy alyp bilmesenizler,
onda"recovery"-iñ üsti bilen
telefonynyzy kompa birikdirip
alyp bilersinizler!
2) Näme üçin telefonymyzdan pul
köp gidÿär? Sebabi, android
telefonlarda gurnalan programmalar duydansyz internede girÿär. şonuñ üçin Trafigi ekonom etjek bolsañyz,
firewall gurnañ.
3) Android telefonlara antiwirus
gerek däl. Androidler wirusy ozi yok etmane ukyplydyr. Ol bu tarapdan Appleden ýokary duryandyr. Antiwiruslar Gaÿtam olar zarýady yoklaýar.
4) Android telefonyñyzda düşünÿän diliñiz yok bolsa onda"Morelocal"programmany
telefonyñyza gurnap gerek
diliñizi goyup bolar!(Hökman
root-lanan telefon bolmaly)
5) telefonlaryñ zarýadyny 0%
-100% edenden, 40%-80%
aralygynda saklasañyzlar
akkumulýatory uzaga gider.
6) Android telefonlarda özünde
gurnalan bize gerek däl
programmalar köp. şolaryñ
içinden ulanmaýan
programmalary udalit yada öçürip çykmaly. şonda telefonyñ
işleýşi oñatlaşar we zarýady oñat
saklar.

Türkmen halk nakyllary...

TÜKMEN HALK NAKYLLARY

Ýüklemek üçin düwmä basyň...

                >>>ÝÜKLE<<<

Medisina dünýäsindäki täsinlikler...

Asgyrmagyn tizligi sagatda ortacha 160 kl yetyandir.
eger asgyranynyzda agzynyzy tutmasanyz,20 mun toweregi sychrantgy 4 metr towerege yayrap biler.
dynch alan wagtynda ynsan damarlaryndaky ahli gan bagyr tarapyndan minutda bir gezek arassalanyar.
adamyn ortacha 60 trillion oyjuk bardyr we her oyjukde dna shriftinde ol adamyn gechmishde eden ahli zatlary bir"tebigy diskete" yazylgydyr.
yslar burnun ustki bolegindaki kichijik iki deshik arkaly kabul edilyar.bu deshiklerde 5 milliona yakyn oyjuk bar. itlerde bolsa bu oyjuklerin sany 220 milliondyr.shu sebapli itlerin ish alyshy onatdyr.
derinin ozunde yaramaz ys bolmayar.Adamyn endamyndan yaramaz ysyn gelmegi organizmdaki olen bakteriyalar sebaplidir.organizmden chykyan der mikraoblary olduryar.bu bolsa organizmi goramaga komek beryar.
adamyn ortacha omrunde barmaklar 25 million gezek achylyp-yumulyar.
wagtyndan on bolan chagalaryn 54 prosenti chepekey bolyar.
bizin her birimiz mydama 15 tonna agyrlykly yuk goteryaris.hakykatdan hem her bir adamyn ustunde 15 tonna agramlykda howa basyshy bardyr.
Jorap satyn alanynyzda hich hili geymek gerekdal.chunki yumrugynyzy gysyn shonda jorabyn ashagy yumrugynyzyn dashyndan bir gezek aylansa,onda ol jorap size bolyar.
dunyanin nache prosenti suw bolsa adamynam hem shoncha prosenti suwdyr.100 kl,agramly bir adamy limon sykan yaly syksan,70kg-a golay suw chykar.
Türkmen blog 2016

четверг, 15 сентября 2016 г.

Magtymgulynyñ ömri we döredijiligi...

Magtymguly (1733-1813), XVIII asyrda yaşan, türkmen klassyky edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr.

Umumy Maglumat

Ol öz halkynyň azatlygyny we özbaşdaklygyny arzuw eden, halk arasynda beýik söýgä mynasyp bolan nusgawy şahyrdyr. Magtymguly özüniň dürdäne döredijiligi bilen adamkärçiligiň iň gowy suratlaryny wasp edip, ulumsylyk edýänleri, tekepbirleri, şöhratparazlary, harsydünýäleri rehimsiz paş eden şahyrdyr. Magtymguly edebiýaty halk köpçüligine has ýakynlaşdyrýar. Ol edebiýatyň dili, tematikasy jähitden göniden-göni halkyň jümmüşine aralasýar, onuň zeruryýetliklerinden ugur alýar.

Magtymgulynyn ömri-döredijiligi

Türkmen halkynyň beýik şahyr ogly Magtymguly Pyragy gökleň türkmenlerindendir. Ol takmynan, 1733-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda, Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol omrüniň kopüsini Etrek, Gürgen, Garrygala sebitlerinde geçiripdir. Şahyr "Älem belgilidir" diýen şygrynda Ýaz geler, wagt-da gidre, gaflata çykmyş gözlerim. Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr; Bilmeýin soranlara aýdyň, bu garyb adymyz: Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady-Magtymgulydyr diýip, öz adyny we niredendigini, kimlerdendigini aýdýar.Magtymguly Pyragy başlangyç terbiýäni kakasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Ol bu barada: "Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir" - diýip ýazýar. Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar. Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler. Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr. Ol dürli kitaplary çakdan- aşa köp we irginsiz okapdyr. Magtymguly ýaş wagty kakasyndan, ejesinden we obanyň garry adamlaryndan köp-köp halk rowaýatlary, goşgy-gazallary, erteki we nakyllary höwes bilen diňleýär eken. Ol kakasy Döwletmämmet Azadynyň döreden eserleriniň köpüsini ýatdan öwrenipdir.Magtymgulynyň zehinliligine, okuwa höwesliligine göz ýetiren Döwletmämmet onuň ylymly adam bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdir. XVIII-nji asyrda Etrek, Ahal, Marysebilerinde güýcli medreselerbolmandyr. Şonuň uçin hem Döwletmämmet Azady öz oglyny ilki Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerlesýän, sol wagt güýcli hasap edilen Idris babanyň medresesinde okuwa iberýär. Magtymguly bu medresede birnäçe wagt okaýar. Soňra ol Buhara gidýär, Buharada Gögeldaş atly medresä okuwa gidýär we onda iki ýyl okaýar. Şahyr sol medresede ders berýän şiriralyly türkmen Nury Kazym ibn Bahr bilen hem tanyşýar we onuň bilen dostlaşýar. Emma medresedäki talyplaryň tertip-düzgüniniň bozuklygy Magtymgulynyň bu medresäni taşlamagyna sebäp bolýar.Magtymguly esasy bilimi Hywadaky«Sirgazy» medresesinde alýar. Ol «Sirgazy» medresesinde üç ýyl okaýar. Medresede berilýän dersleriň daşynda hem Gündogaryň görnükli şahyrlary: Nyzamynyň, Nesiminiň, Fizulynyň, Nowaýynyň we başgalaryň eserlerini irginsiz okaýar. Ol medresede okaýanlaryň arasynda özuni derrew tanadyp, zehinli talyplaryň hataryna goşulýar. Okuwyň ilkinji ýylynda Magtymguly talyplaryň halypasy bolýar. Soňky ýylda bolsa, mugallym özi ýok wagty ders geçirmegi-de Magtymgula ynanýar ekeni. Magtymguly öz döwrüniň iň bilimli we düşünjeli adamy bolup ýetişipdir.Magtymguly Pyragy XVIII-nji asyrda ýaşan, türkmen klassyky edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr.Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy, takmynan 1733-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol ömrüniň köpüsini Etrek, Gürgen, Garrygala sebit-rinde geçiripdir. Şahyr "Äleme belgilidir" diýen şygrynda:Bilmeýän soranlara aýdyň bu garyp adymyz,Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady-Magtymguludyrdiýip, öz adyny, niredendigini, kimlerdendigini aýdýar. Magtymguly başlangyç terbiýäni öz kakasyndan alýar.Şahyr ilki oba mekdebinde, soňra Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerleşýän Idris babanyň medresesinde bilim alýar.Buharadaky Gögeldaş medresesine okuwa girýär, ýöne talyplaryň bozuklygy, ony bu medresäni taşlamaga mejbur edýär. Magtymguly Hywadaky Şir-gazy medresesinde okap bilim alýar we öz döwrüniň bilimli we düşünjeli adamsy bolup ýetişýär.Magtymguly jahankeşde adam bolupdyr. Dünýäniň köp ýerlerine syýahat etmek duýgusy onda ýaşlykda döreýär. Bu syýahatlar şahyryň dünýägaraýşyny giňeldipdir.Magtymguly oglan okatmakdan başga tanymal zergär bolupdyr we kümüşden, altyndan dürli bezeg şaýlaryny ýasapdyr. Magtymgulynyň maşgala ýagdaýy jedelli meseleleriň biri bolup durýar. Goşgularyna esaslanyp, onuň Meňli diýen gyzy söýendigini, ýöne käbir sebäplere görä alyp bilmändigi hakda alymlar netijä gelýärler. Magtymgula Akgyz diýen ýeňňesi dakylýar.Ondan iki ogul bolup, olar hem ýaşlykda ýogalýarlar. Şahyr ogullarynyň ölümine gynanyp, "Yzlamaýan bolarmy", "Mübtela kyldy“ eserleri döredipdir.Magtymguly örän parasatly, gepe çeper, märekesöýen adamdy. Ol özüniň gowy häsiýetleri bilen halka görelde görkezipdyr, akyl-paýhasy bilen köp adamlary terbiýeläpdir.Magtymguly, takmynan, 1791-nji ýylda Atasary diýilýän çeşmäniň boýunda, Soňudagyň ýanynda aradan çykýar. Ony kakasynyň ýanynda "Garry molla" (Eýranda) gonamçylygynda jaýlapdyrlar.

Magtymgulynyň döredijiligi

Magtymguly döredijilik işine ýaşka başlapdyr. Goşgy düzmekde köp zady kakasy Döwletmämmet Azadydan öwrenipdir. Magtymguly goşgularyny köpçüligiň üýşen ýerinde, toý-meýlislerde okap berip, adamlary gahrymançylyga, ar-namysly, hüşgär bolmaklyga çagyrypdyr. Onuň ylham çeşmesi halk we onuň güzerany bolupdyr.Şahyryň döredijiligi dürli temalarda bolan köp sanly şygyrlardan we poemalardan ybaratdyr. Onuň öz golýazmalary bize gelip ýetmändir.Magtymguly köp şygyrlaryny Pyragy lakamy bilen düzüpdir Onuň döredijiligi XVIII asyr türkmen durmuşyny öwrenmäge örän köp material berýär. Magtymgulynyň şygyrlary, esasan, watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, sotsial-deňsizlik, yşky-liriki, dostluk barada gumanistik ideýalary öňe sürýär.

Magtymgulynyň döredijilik tematikasy

Magtymgulynyň döredijilik tematikasy giň we hertaraply. Onda türkmen halkynyň geçmişi, geljegi we şol wagtky ýagdaýy göz öňüňe gelýär.