вторник, 13 декабря 2016 г.
воскресенье, 4 декабря 2016 г.
вторник, 4 октября 2016 г.
Horlanmak isleýänler üçin...
Horlanmak
isleyänler üçin
badamjan yokumly
gök önümlerin bi-
ridir. Ondan dürli naharlary taýýarlap
bolyar. Bu önüm gadym zamanlarda gündo-
gar yurtlarynda ayratyn ähmiyete eye bolup,
Yewropa giç aralaşyar. Şeyle de bolsa, şu günki günde badamian dürli
yurtlarda ekilýär. Bu
önümin düzüminde adam bedeni üçin peyda-
ly maddalar bar. Badamjanda yürek myssala-
rynyň kadaly işine yardam berýän köp muk-
dardaky kaliy, şeyle hem B witamini, askorbin
slotasy we karotoin bar. Onun düzüminde
witaminler onçakly op bolmasa-da, beden
den zyyanly holesterinleri çykarmaga ukyply
maddasy bilen tapawutlanyar.
Mundan başga-da ol kletçatkalara bay bo-
lup, adamy tiz doyurmaga ukyply, unun bi
len birlikde hem kalori yaglylygy pes. Sonun üçin artykmaç
agramdan dynmaga tagalla edýän köp adamlar ony
halayar. şeyle hem bu benewse renkli önüm
düzüminde kekirdegi we sünkleri berkitmä-
ge ukyply madda saklap, hereket dayanç
sünklerinin agyrylarynyn ösüsini hayallat-
maga mümkincilik beryar. Seyle hem ba
damjany yzygiderli iymek juwanlygyny we
derini onat saklamaga yardam berýär. Çün
ki badamjan tebigy kollagen işläp cykaryp
derini cyg saklayar. Badamjany dürli usul-
lar bilen tayyarlap ar. Ol gowurmakdan
başga, beyleki naharlaryň we işdäaçarlaryň.
düzüm bölegi hökmünde hem ulanylyar.
Batyr Nuriyew
понедельник, 3 октября 2016 г.
Çişligiň taýýarlanylyşy...
Çişlik
1 kg hindiguş/towuk/goýun/sygyr eti
½ limon
1 kiçi sogan
3-4 baldak ter şibit
3-4 baldak ter petruşka
1 çaý çemçesi duz
⅓ çaý çemçesi gara burç
¼ çaý çemçesi iri gyzyl burç
6 nahar çemçesi sirke (8%)
1 düýp ýaş sogan
1. Eti kub (inedördül) şekilinde dograp, bir gaba atmaly. Limony, sogany ýarym halka şekilinde dogramaly. Şibitdir petruşkanyň ýapraklaryny aýryp, gaty baldaklaryny dogramaly. Soňra etiň üstüne limony, sogany, şibitdir petruşkanyň baldagyny atyp, duz, gara we gyzyl burç, 5 nahar çemçesi sirke sepip, gowy garmaly. Gabyň gapagyny ýapmaly we ony salkyn ýerde bir gije goýmaly.
2. Maňňalda ot ýakmaly. Eti çişlere sykyja edip düzmeli. Odun ýanyp, köz bolanda, et düzülen çişleri maňňalyň üstünde goýmaly. Etiň hemme ýeri deň bişer ýaly, käýarym çişleri öwrüp durmaly. Şeýle-de, aşagynyň ody güýçlense, bişip duran çişlige aram-aram sirke garylan suw sepilýär. Etiň daşy gowy gyzarýança bişirmeli.
3. Şibitdir petruşkanyň ýapraklaryny we sogany dograp, bişen çişligiň üstüne atyp, 1 nahar çemçesi sirke sepmeli. Çişligiň ýany bilen gyzzyrma ýa-da tüwi berilýär.
Batyr Nuriyew
воскресенье, 2 октября 2016 г.
Dogramanyň ýasalyşy...
Dograma türkmenleriň iň milli naharydyr we ýörite baýramçylyklarda, esasanam Gurbanlykda edilýär. Gurbanlyk her ýyl Gurban (Zilhijje) aýynyň onunjy güni başlaýar. Üç günläp dowam edýän Gurbanlykda maşgalalar, dostlar, goňşular topar-topar bolup, bir-biregiň öýüne baryp, nahar iýýärler.
Dograma etmek üçin birnäçe tamdyr petir çörek bişirilýär we täze goýun eti gazana atylyp, et süňkden sypara gelýänçä gaýnadylýar. Petir çöregi, bütin maşgala bolup, elde owunjak dograp, giň ýazylan saçakda dogralan et, sogan bilen gowy garýarlar. Soň dogramany iýjek adamlaryň islegine görä tabaga salyp, üstüne gyzgyn çorba guýup, Gurbanlyga gelenlere äberýärler.
Dograma
8-10 adamlyk
Çorba üçin:
1½ kg ýagly, süňkli goýun ýa-da sygyr eti
5 l suw
2 nahar çemçesi duz
2 pomidor
Çörek üçin:
1 nahar çemçesi duz
600 ml ýyly suw
1 çaý çemçesi gury hamyrmaýa
1 kg un
2 sogan
Gara burç
1. Gazana et atyp, suw guýup, ony güýçli otda goýmaly. Suw gaýnap başlanda, onuň ýüzüne çykan köpügini aýyrmaly we çorba duz atmaly. Soňra gazany aram otda goýup, onuň gapagyny ýapmaly. Çorba 20 minut gaýnansoň, onuň içine pomidor dogramaly. Gazanyň gapagyny ýapyp, et gowy bişýänçä, çorbany gaýnatmaly. Çorbanyň duzuny dadyp görmeli, eger ýuwan bolsa, oňa duz atmaly.
2. Çorbanyň eti bişýänçä petir çöregi bişirmeli. Petir çörek üçin tabaga duz atyp, suw, hamyrmaýa we un guýup, hamyr etmeli. Hamyry 2 bölege bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly.
3. Ojagy 250°C (482°F) gyzgynlykda gyzdyrmaly. Ojak gyzýança hamyry oklaw bilen ýaýyp, 1.5 sm galyňlykda çörek ýasamaly. Çörekleri dürtgüç bilen güri dürtmeli we ojak kagyzy ýazylan taba geçirmeli. Çörekleriň ýüzüne suw çalmaly we tabany ojagyň ortaky gatynda goýmaly. Çörekleri ýüzi gyzarýança (15-18 minut) bişirmeli.
4. Bişen çöregi saçagyň üstünde eliň bilen ownuk dogramaly (bir çöregiň ¼ bölegini dograman goýmaly). Dogralan çöregiň üstüne ýarym halka şekilinde kesilen sogany guýmaly. Çorbanyň etini bir tabaga çykarmaly we ony dogralan çöregiň üstüne atmaly. Soňra eti dograman goýan çöregiň üstünde ownuk dogramaly. Dogralan eti, sogany, çöregi iki eliň bilen gowy garmaly we üstüne 3-4 nahar çemçesi ýagly çorba sepelemeli. Şondan soň dograma taýýar bolýar, ýöne 20-30 minut saçaga dolap goýsaň, ol gowy alyşýar we has tagamly bolýar.
5. Dograma äberilende tabaga guýlup, üstüne gara burç sepilýär we gaýnap duran çorbadan üstüne çykar-çykmaz edilip guýulýar. Dogramany gury, çaýa ýanap hem iýseň bolýar.
Batyr Nuriyew
Bronhit keseli barada...
- Bronhlaryň doly şikeslenmesiniň tizligini gowşatmak;
- Ýitileşmeleriň ýygylygyny azaltmak;
- Gowulaşma döwrüni uzaltmak;
- Fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak;
- Durmuş we ýaşaýyş şertleri gowulandyrmak (işde we öýde).
- Gara turpy gyrgyçdan geçirip, suwuny süzüp alyň. Oňa 400 gram suwuk ary balyny garyň. Bu şiräni nahardan we ýatmazdan öň 2 n.ç. içiň.
- Atgulagyň ýapraklaryndan demleme taýýarlamak üçin, atgulagyň ýapraklaryndan 10 gram alyp, üstüne 200 ml gaýnag suw guýmaly. Soňra sowadyp süzmeli, günde 6 gezek 1-2 n.ç. içmeli.
- Sarymsagyň bir tokgasyny we düýp soganyň 10 sanysyny ownuk dograp, ýumşaýança süýtde gaýnatmaly. Soňra 1 ç.ç. narpyzyň şiresini we 1 n.ç. ary balyny garmaly. Günüň dowamynda 1 n.ç. içmeli.
- Mandariniň gabyklaryny gaýnadyp, süzmeli. Günde 3 gezek nahardan öň 2-3 n.ç. içmeli.
суббота, 1 октября 2016 г.
Dünýäniň iň baý ýurtlary
Dünýäniñ iñ baý ýurtlary!
10.AMERIKA. Adam başyna düşen gazanjy 53.001 dollar.🔹
9.ŞWESIYA. A.b.d.g 53.997 dol.🔹
8.SAN MARINO. A.b.d.g 62.776 dol.🔹
7.BIRLEŞEN ARAP EMIRLIGI. A.b.d.g
63.181 dol.🔹
6.NORWEGIYA. A.b.d.g 64.363 dol.🔹
5.KUWEYT. A.b.d.g 70.785 dol.🔹
4.BRUNEI. A.b.d.g 73.823 dol.🔹
3.SINGAPUR. A.b.d.g 78.762 dol.🔹
2.LUKSEMBURG. A.b.d.g 90.333 dol.🔹
1.KATAR. A.b.d.g 145.894 dol.🔹
Batyr Nuriyew
пятница, 30 сентября 2016 г.
Geň we gülkünç ölümler...
Geň we Gülkünç ölim
1) Aýakbarmagy ýüzünden ölmek. Meşhur Viski tagamçysy Jack Daniel 1911-de bir gün iş ýerine ir geldi. Seýfini açmak isledi emma paroly ýadyna düşmedi. Gahary gelip Seýfi depdi aýakbarmagy ýaralandy we infeksiýa geçirip öldi.
2) Apelsin gabygy ýüzünden ölmek. Bobby Leach Niagara şaglawuklardan böküp bilýân dünýâdâki ikinji kişidi. Bu batyr adam bir gün Tâze Zelandiýanyn köçesinde ýörâp barýarka bir apelsin gabygyna basyp taýyp ýykylyp aýagyny döwdürtýâr. Aýagy kesilmese bolonakdy. Köp wagtdan son aýakdaky döwükde çykan ýaralar sebapli öldi.
3) Oýlap tapan zadyny test edip durka. Bir Fransuz tikinçi öz oýlap tapan eşik şekilli paraşudyny barlamak isledi. Ol Eýfel minarasyndan aşak bökdi emma paraşut açylmady.
4) Ölümi dâlde ölmemesi gen. Rusýaly Grigory Rasputin (1869-1916) 10 kişi tarapyndan zâherlendi, emma ölmedi. Sonra tüpen bilen attylar ýene ölmedi, arkasyndan 3 sapar attylar ýenede ölmedi. Öllür ýaly urup bogmak islediler emma hiçisindede ölmedi. In sonynda Rasputin bir obada erkin ýaşap ýörkâ ajaly ýetip öldi.
5) Beýsbol topy ýüzünden ölmek. Hindistanly beýsbol oýunçysy Ray Champan bir beýsbol oýny gidip durka öldi. 1920-de gidip duran ýaryşda kellesine bir beýsbol topy degmesi ýüzünden öldi.
Batyr Nuriyew
четверг, 29 сентября 2016 г.
Täsinlikler...
Bir duysh ortaca 2-3 sekunt dowam edyar.
IQ testi yokary adamlar has kop duysh goryarler.
Las Vegas shaherindaki kumarhanalarda hic hili sagat yok.
Bir adim atmek un 200 myshsa hereketlenyar.
Ortaca ayallaryn boyy erkeklerden 12,5sm gysga bolyar.
Ayak bashbarmagynda 2 sunk bolup, galan barmaklarda 3 sunk bolyar.
Itlerin deri mazi ayagynda bolyar.
Govsi tuysuz erkekler tuyli erkeklerden has kop bagyrda sirroz keseline dushyar.
Soyyan ya da yigrenyan adamlaryny gorende gozun ulalya.
Burnunyz bn bashbarmagynyzyn boyy den Iymit kabul edilende 7s ashgazana dushyar.
Gok kitler in calt ulalyan haywan olar 22ayda 26tonna yetip bilyar. Yunuslar(delfin) adam yaly jynsy gatnashykdan lezzet alyan yeke tak hayvan.
Tozan bolejiklerinin in kop bolegi olen deri oyjukleridir. Awstariliyada kanalizasiyanyn suvy sagadyn ugry boyunca akyar.
Kirpiler suwa cummeyar. Eger 1stakan araga bir sany guran uzum atsan ol lift yaly ashakdan yokara, yokardan ashaga hereket edip duryar.
In calt osyan osumlik bambukdyr. ol gunde 90sm osyar.
Asgyranda butin bedenin yuregin bn bir pursatlyk duryar.
Dineje urkacy(samka) cybynlary(peshe) cakyar.
Yssy suw sowuk suwdan has agyrdyr.
Alma ertirine kofeden hem govy ukudan acyar.
Pishik 100sany itler 10sany ses edip bilyar.
Dunyade her adama 1mln garynjadan dushyar.
Kenguru yzyna yorap bilmeyar.
Shokalad itleri oldurip bilyar. 0,5kg shokalad iyse kicirak it olup biler.sebabi ol gan aylanysh we yuregi caltlandyryar.
Deniz atynyn erkegi(самец) govreli bolyan yeke tak jandar. Eyfelin in depesine cykmak un 1792 basgancak gecmeli.
Batyr Nuriyew
среда, 28 сентября 2016 г.
Wagt barada...
Wagt-adamyñ ömründäki iñ gymmatly serişdeleriñ biri.Wagt ýitirmek-özüñi we ömrüñi ýitirmekdir.
Bir günde 24 sagat,1440 minut,86400 sekunt bar.
Günümizin her bir sagadyny,minutyny hatda sekundy-bu biziñ üçin iñ uly,tapylgysyz baylykdyr.
Ýitirilen baýlygy gaýtadan toplap,gazanyp bolar.Emma ýitirilen,geçen wagty yzyna gaytarmak mümkin däl.
Günde 5 minut bihuda gecirilse,ýylda 30 sagada deñ bolar.Günde 1 sagat ýitirilse,ýylda 15 güne deñ bolar.
Bir gijedaki alýan 8 sagat ukymyz 1 ýylda 4 aýa deñ bolýar.
Wagtyñ gadryny bilmeýänler şowsuzlyga uçrar.
Wagt öwezi dolunmagy,yzyna gaýtarylmagy,täzelenmegi,satyn alynmagy mümkin bolunmadyk baýlykdyr.
Aslynda boş wagt diýlen zat ýokdur,diñe boş geçirilen wagt bardyr.
Batyr Nuriyew
'SAMSUNG' my? 'iPhone' my?
Dünyänin öndebaryjy kompaniyalary tehnologiya enjamlarynyn bazardan has köp pay almak üçin bäslesyärler. Bu bäsdeşlik enjamlaryn hilinin yokarlanmagyna we has elyeterli bolmagyna getirýärr. Mobil enajamlaryny öndürmekde dünyanin öndebaryjy iki kompaniyasy "Samsung" we "Apple" kompaniyalarynyn arasyndaky bäsdeşlik barha itileşyär. Iri şereketler esasan smartfonlary, planşetleri we
akylly"sagatlary öndüry är. Häzire çenli Günorta Koreyanyňa şereketi öz
enjamlaryny has elyeterli bahadan
hödürleyän bolsa, "Apple" gymmat
smartfonlary satmagy bilen tanalyardy. Geçen yyl amerikan kompaniyasy özünin in arzan smartfonyny
hödürledi. Indi Günorta Koreyanyň
tehnologiya kompaniya sy hem öz harytlaryny esasy iki ugra( gymmat we el yeterli) bölmek isleyär. Sol sebäpli has yokary hilli we gymmat enjamlary hödürläp başlady. "Samsung" y sonky satuwa cykaran "Galaxy Note 7" enjamy hem ozalkylardan gymmat. "Apple"-in esasy peydasyny programmalar we beyleki hyzmatlaryň satuwyndan alynyan girdejiler emele getirýär. Korey şereketi bolsa, enjamlaryň satuwyndan gowy girdeji gazanyar, Amerikan we korey kompaniya s
täze smartfon golayda tanysda
boljakd satuwynyň nähili Boljakdygy yakynda belli bolar.
IN KÖP SATYLAN SMARTFON
Su yylyn ikinji çaryegindäki
maglumatlara gora dunya de in köp isleg bildirilen smartfonyň "iPhone 6s" bolandygy mälim edildi."Kantar" we "Strategy Analytics"şereketlerinin maglumatlaryna görä, dünyäde smartfon alanlaryň 4,2 göterimi (14,2 million sany) bu enjamy saylapdyr. anaw ikinji yerini 2,5 göterimlik pay bilen (8,5 million sany) ''iPhone 6'' eyeleyär. Degişli döwürde müşderilerin 2,4 göterimi (8,3 million) "Samsung Galaxy
S7 edge" smartfony ny satyn alypdyr. Maglumatlarda täze smartfon satyn alan ABS-ly musderilerin 11 goteriminin iPhone 6si saylandygy aýdylyar.Seyle hem yurtda ''Apple" in sonky enjamy iPhone SE"-nin satuwy has yokarlanypdyr.
Yylyn ikinji Çaryek müşderilerin 5 göterimi bu enjamy satyn alypdyr.Günorta Koreyanyn "Samsung" kompaniyasynyn"Galaxy S7 edge enjamyny alan müşderiler umumny sarp edijilerin 9 göterimini emele getiripdir.
Batyr Nuriyew
вторник, 27 сентября 2016 г.
Meşhur kompaniýalaryn atlary nähili gelip cykypdyr?...
Meshur Kompaniyalaryn atlary nahili gelip cykypdyr???
Acer- «Acer» sözi latyncadan "syzgyr, yiti gozli, josgunly" diyip terjime edilyar.
Adobe – kompaniya esascysy Jon Wornok (John Warnock)yn oyi towereginden akyp gecyan derya Adobe Creek hormatyna goyulan.
Adidas – firma esascysy Adi Dasler adyndan alynan.
Apple- Kabir maglumatlara gora, Apple (alma)- kompaniya esascysy Stiw Jobsyn (Steve Jobs) soyguli miwesi. Basga maglumatlar boyunca-kompaniya esascysy/meyilnamacylaryndan birinin soyguli almasydyr. Taze biznes ucin at tapmaga uc ay dowamynda netijesiz urunyshlardan son Stiw Jobs oz shariklerine sheyle shert goyupdyr: " Eger sagat 5-e cenli gowy at tapmasanyz, kompaniyany Apple diyip atlandyryaryn". Gornushinden, gowy at tapyp bilmedige menzeyarler.
ASUS- bu sowda belgisinin ady Pegasus (pegas) sozunden gelip cykan. Pegas gadymy yunan mifologiyasynda ylham bagysh ediji, soyguli, ganatly atdyr. Kompaniya ady sanawlarda (alfawit boyunca) birinji durmagy ucin Pegasus sozunden p harpyny alyp zynyp, Asus adyny galdyrypdyrlar.
Canon- Kompaniyanyn ady buddadaky rehimlilik hudayy Kwanon (onun ozi bodhisatwa Avalokiteshvara) hormatyna atlandyrylan. Emma dunya bazarlaryna cykmak bn dini guramalar narazylyklarynyn onuni almak maksadynda ady uytgedilip, Canon diyip atlandyrylyar.
Cisco ady—Kaliforniya shtaty San-Fransisko (San Francisco) shaherinin gysgaldylan adyndan alynan. Ilki, kompaniya esascylary oz kompaniyalary ucin at saylanlarynda eyelenen yada peydalanylan atlara dush gelyarler. In sonunda, kimdir birinji "c" kici harpy bn "cisco" adyny teklip edyar ( "CISCO" atly kompaniya bardy). Mundan dasary, basga takmynlar hem bar, olara gora, kompaniyanyn ady ilki San-Francisco Systems diyip atlandyrylan we yazylan, emma hasaba alysh wagtynda adwokatyn (yada notariusyn) yalnysh hereketi kompaniya ady bn titul sahypasy yyrtylmagyna alyp gelipdir. Kompaniyanyn geljekgi eyeleri muny alamat diyip dushunip, cisco Systema adyny kici harp bn bellige alypdyrlar.
Coca-Cola- Bu icgi koka agajy yapraklary we kola atly tropik agac hozyndan tayyarlanany ucin Coca-Cola diyip at berilen.
Corel – kompaniya esascysy Mayk Kouplend (Dr. Michael Cowpland) hormatyna. Gineltmesi- COwpland REsearch Labaratory- Kouplendin barlag laboratoriyasy.
Daewoo – kompaniya esascysy Kim Wu Chong firmasyna yonekey edip "Beyik kosmos" diyip at beren.
Fuji – Yaponiyadaky in beyik dag Fudzi adyndan.
Google – 100 sany nol bn anladylyan birlik-Googol sozunden alynan. Bu meyilnama esasynyn awtorlary birinji inwestordan Google sozi yazylan chek alyarlar. Sonra dorediljek gozleg sistemasyna shu at berilen.
HP (Hewlett-Packard) – esascylar Bill Hyulett ( Bill Hewlett) we Deyv Pakkard ( Dave Packard) kompaniya adynda kimin ady birinji goyulmagy ucin tenne bn jedel edipdirler. Gorshuniz yaly Bill yeniji bolupdyr.
Hyundai – koreychada “hazirki”, “shu wagtdaky” diyen manyny anladyar.
Kodak – “K” kompaniya esascysy Jorj Istmenin soyguli harpy bolupdyr. Ol ine shu "yakymly" harp bn bashlanyp, shu bn gutaryan soz gozleyar. Mundan basgada K dunyanin ahli alfabitlerinde diyen yaly bir hili gornushde yazylyar. In sonunda Kodak sozi saylanyar. At berijilerin pikirice, fotokamera surata alanda edil sheyle ses cykaryarmysh.
Mitsubishi – kompaniya esascysy Yataro Ivasaki 1870-nji yylda oylap tapan, yapon dilinde "Uc brilliant" diyen manyny anladyar.
Nissan –ilki Nichon Sangio – “Yapon senagaty” ady bn meshur bolan.
Nokia – Finlandiyanyn Nokia shaherindaki agajy gaytadan ishleyan zawody kop yyllyk osush we ozgerish netijesinde rezin gaplar we durli tehniki enjamlar ishlap cykaryp bashlady. Zawoda shaher ady berilen.
Siemens – kompaniya Verner fon Simens (Werner von Siemens) tarapyndan esaslandyrylan.
Xerox – oylap tapyjy Chastot Karlson oz enjamy adynda "gury" diyen manyny anlatmakcy bolupdyr. Cunki sho dowurdaki nusgalayjy enjamlar cyglylyk bn ishleyardi. "Xer"- grekcede gury diyen manyny anladyar.
Batyr Nuriyew
понедельник, 26 сентября 2016 г.
"OK" sözüniň manysy?
Ok sozi name diymek?
Bolyar,dushnukli manysyny beryar we butin dunyade Ok diyilip gysgaldylyp ulanylyar. Kim bilyar ok sozi nadip emele geldi. Hazir size dusundirmekci. Ok sozi hergun dunyade milyonlarca adamlar tarapybdan ulanylyar. Bu sozun bular yaly dunyade kop ulanylmasynyn sebabi name? Togalak"O" we duz cyzyklardan bolan"K" harpyndan emele gelmesindenmi? 1839-njy yyllarda ABS nyn Boston shaherinde BBC nin habarynda uly paragrafta "all correct" yagny hemme zat yolunda, sozlerinde "O" we "K" harplary ulanylyp yazyldy. Munun sebabini bilyan yok ya yazgy yalnyslygy sebabi ya da degisme bolsun diyip yazylan bolmagy ahmal. Elbetde bu waka uzyn surmedi. Ok in populer bolmasynyn bir sebabi ABS prezident saylawlaryndan yola chykyar. Prezident saylawlarynda Martin Van Buurenenin doglan yerine "old kinderhook" lakamy berildi. Tarapdarlary bu lakamdan yola chykyp "ok" toparyny doretdiler. Ok in dilimize calt girmesinin sebabi nirden tutsan tut hemme dillerde de O bn K harp bardyr. Bu sebabpli dilimizde ulanmaga yakyn gorunenligi ucin OK diylip ulanmaga baslandy. Aslynda OK bosluk dolduryan bir soz dal, onun yerine "Bolyar","Dusnukli" yaly sozlerini ulanmagymyz has yerlikli bolsa gerek.
Batyr Nuriyew
Aç garna nämeler iýilmeýär?
Aç Garna nameler iyilmeyar?
Garnymyz aç galsa,gözümize hiç zat görünmeýär. Diňe iýmek hakda oýlaýarys. Emma aç galan wagtymyz hemme zady iýmek dogrymyka? Nähili önümleri iýip,haýsyny iýmeli däl? Bu günki temamyz şu hakda. Aşakdakylary aç garna iýmek maslahat BERILMEÝÄR:
Banan: Bananyň düzüminde magniý maddasy ýokary derejede bolanlygy üçin ony aç garyna iýmek bolmaýar. Sebäbi, bu miwe aşgazanyň bozulmagyna sebäp bolýar, magniý-kalsiý maddalaryň balansy bozulýar. Netijede ýürek işjeňligine zeper ýetirýär.
Apelsin: bu miwäni aç garyna iýseňiz aşgazanyňyzyň gaz we kislota doljagy anyk.
Sowuk içgiler: Beýle içgiler içege we aşgazan işjeňligini bozýar, oňa zeper ýetirýär. Netijede çynlakaý aşgazan-içege keselleri gelip çykýar.
Ýogurt: aç garyna ýogurt iýilmegi ýogurtyň pozitiw häsiýetleriniň ýok bolmagyna sebäp bolýar. Ýogurt nahardan 2 sagat soň iýilmeli, ýada ukydan öň içilmeli. Şonda onuň azyklyk gymmaty köpelýär.
Hurma: hurmany aç garyna iýmek pestin we kislotanyň köpelmegine sebäp bolýar,aşgazandan çykýan suwuklyk goýlaşýar we netijede aşgazanda daşlar peýda bolýar.
Pomidor: pomidor hem hurma ýaly aşgazana daş jemleýär.
Şeker: şeker diýseň tiz siňýär. Şeker aşgazana,ýagny,aç garyna girende organizmi rahatlandyryjy gan düzümindäki insulini ýeterlik derejede üpjün edip bilmeýär. Bu bolsa göz kesellerini getirip çykarýar. Mundan başgada, şeker kislota işläp çykaryş häsiýetlerine hem eýedir.
Sarymsak:aç garyna ulanylan sarymsak özünden alletsin maddasyny işläp çykarýar. Bu bolsa aşgazan we içege diwarlaryny şikesleýär. Netijede gastro spazma keselini getirip çykarýar.
Juda aç galyp giden ýagdaýyňyzda hem peýdalyrak azyk önümlerini iýmäge endik ediň. Ýadyňyzdan çykmasyn,aç garyna hemme zady hem iýmek mümkin däldir!!!
SAGLYGYŇYZYŇ ÖZ ELIŇIZDELIGINI UNUTMAŇ!
Batyr Nuriyew
воскресенье, 25 сентября 2016 г.
Samsung "sensorly ýüzük" öndürer...
Sensorly yüzük öndürer
Geçen yylyn ahyrynda "Samsung»
kompaniyasy "akylly'' ük öndür
mage mümkincilik berjek patent alypdy.
Onuň çäklerinde öndüriljek enjam beýleki
akylly" yüzüklerden has köp iş edip bi-
ler. Enjamda telefon jaňlaryna jogap ber-
mek üçin bir sany düwme bar. Şeyle hem,
adatça, "akylly" bileziklerdäki yaly ýürek
urşuny ölçeyän ayratynlyk bolar. Häzirki
wagtda inženerler bu enjamy işläp tayyar-
layar. Onun satuwa tayyar boljak wagty
ayan edilmedi.
Batyr Nuriyew
Dünýäniň iň beýik köprüsi...
Dünyänin
in beyik
köprüsi açyldy
Dünyänin in beyik köprüsi Hytayda
guruldy. Golayda onun resmi taýdan
açylys dabarasy boldy. Ol «Beypanszyan
diýlip atlandyrylyp, Nicžu deryasynyň üs-
tünden geçyär hem-de Yunnan we Guýczou welayatlary.
ny birleşdirýär.
Köprünin beyikligi 565 metr bo-
lup, onun uzyn-lygy 1341 metre
barabardyr. cyl-
syrymly desganyňa gurluşygy 3 yyl dowam
etdi. Köprünin açylandygyna garamaz-
dan, onun üstünden ulag gatnawy dekabr
da başlanar.
Soňky yyllarda hytayly inženerler ençe-
me cylsyrymly desgalary gurmagyň hötde-
sinden geldi. Bu yurtda dünyä derejesinde
birnäce tomobil, demir yol hem-de
py-
yada köprüleri gurlup, ulanmaga berildi.
Muna mysal edip, şu yylyň awgust ayyn-
da dünyänin aynadan yasalan in iri köprüsi
açyldy. Çžanszyasze milli seyilgähinde gur-
lan köpri, esasan hem, yerli hem-de daşary
rtsyyahatçymar usin niyetenendi
Batyr Nuriyew
суббота, 24 сентября 2016 г.
1,8 million adam haj parzyny berjaý etdi...
1,8 million adam
haj parzyny berjay etdi.
Şu ýyl 1 million 800 münden gowrak
adam Mekge säherinde haj parzyny
berjay etdi. Bu barada "Al-Arabiya" teleyay-
lymy Saud Arabystanynyn Statistika edara-
syna salgylanyp,
habar berdi.
Teleyaýlymyň
habaryna görä,daşary yurtlar
dan 1 million 325 mun adam
Saud
Arabys-
tanyna bardy. Haj parzyny yerine yetiren
musulmanlaryň 537 münden gowra
Saud
Arabystanynyňa öz rayatlarydyr. Hajylaryn 1
million 82 muni erkek, 780 en gowragy zenan maşgalalardy
Haj
döwründe Gurban bayramy bellenip
yan. Yu
Gurban bayramy 12-nji sent-
yabrda başlap, käbir yurtlarda 3 gün, käbirin-
de has köp gün dowam etdi. Ruhy päkligin
sahawatlylygyn bayramy hasaplan-
yan bu bayramyndan sonra janly
(goyun,
geci, düýe sygyr )gurban etmekden ybaratdyr
Batyr Nuriyew
Ginnese giren "GREK SALADY"...
Russiyanyň paytagty Moskwa, sähe
rinin meydanynda in uly grek sala-
dy tayyarlandy we ol Ginnesin rekordlar
kitabyna girizildi. Russiya bilen Gresi-
yanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary
pugtalandyrmak maksady bilen geçirilen
halkara festiwalyn çaklerinde grek sala-
dy tayyarlandy.
Bu işdäacary tayyarlamak üçin müne
golay adam gatnaşdy. Ginnesin rekordyny
tazelemek üçin 20 tonna barabar isdaaçar
tayyarlamaly boldy. Emma ol garasylan-
dan hem köp cykdy. Takmynan, önki 100
kilogramdan köp işdäaçar tayyarlanyp,
rekord täzelendi. Ginnesin rekordlar kita
by nyn wekili bu çarä gatnasyp, festiwaly
guraýjy "Muzenidis trewel" kompaniya-
nyn yolbaşçysy Boris Muzenidise degişli
şahadatnamany gowsurdy.
Batyr Nuriyew
Täsin METEORIT...
Täsin meteorit
Görüp otursalar, 2000-nji yylda Yere ga-
can meteorit Gün ulgamynyň uzak kün-
jünin "myhmany" eken. Alymlar has uzak
aralykdan düşen asman jisiminin,
bolsa, birmahal Koyper guşagynyň bir bölegi-
digine ynanyarlar. Koyper guşagy Neptunyň
orbitasynda yerleşyär. 2000-nji yylda Kana-
da gaçan bu meteoritin diametrinin başdaky
ululygy bäs metrden gowrak bolupdyr. Yöne
onun Yerine gorag gursawy bilen sürtülmegi
netijesinde, uly bolmadyk özeni gal
Alymlar meteoritin galyndylaryny bar-
lagdan geçirip görseler, onun himiki düzümi
ozalky barlanan meteoritlerden düypli tapa
wutly bolup çykdy. "şunun yaly meteoritler
Yere juda seyrek düşyärler, çünki olar älema
has uzak kunjünden gelýärler. Has takygy,
bu asmag jisimi Koyper guasagyna degişli bolup çykdy" diyip hünärmenler aydyarlar.
Batyr Nuriyew
ÝOGA - kesellerden goraýar...
Ýoga yürek-damar, duwnuk, Suyjukesel
we beýleki yokanç däl kesellerin howpuny
düypli peseldyär diyip, Hindistanyň sag-
lygy gorayys ministri Jagat Prakas Nadda
aydyar. Onun sözlerine görä, yokanç däl ke-
sellerin köpüsinin yüze cykmagynyň sebäbi
nädogry durmuş yörelgesidir. Yoga bolsa,
ony gowulyga tarap özgertmäge yardam
berýär. Yoga bedeni, ruhy we any bir yere
jemleyär. Ol öz saglygyňa dogry çemeleşme-
gi owredyar
Yoga bu maşklaryň jemi däl-de, eysem,
adamy özgerdyän filosofiya diyip, Nadda
aydyar. Mundan ozal, Kaliforniya uniwersi-
tetinin barlag geçirijileri yoga we meditasiya
bilen
mesgullanmagyn beyna peydalydy-
gyny yüze cykardylar. Ol yady sazlap, huş-
suzlykdan gorayar. Barlaglar yoganyň we
meditasiyanyn yatkesligi ösdürmek üçin ni-
yetlenen ähnli türgenleşiklerden täsirlisidigini
yüze çykarypdyr.
Batyr Nuriyew
"Palow" nahary barada gyzykly maglumat...
Halkymyzyň arasynda Palowy mundan müň yyl ozal Lukman Hekim oylap tapypdyr diyen aytgy bar. Oňa "Palaw aş" diyip at beripdir. Onuň her harpy bir goşulyan önümleri aňladyar. Yagny:
P- "Pyyaz" -yagny sogan
A- "Ayez"- kâşir
L- "Lahm"- et
O- "Oliya" - yag
W- " wet"- duz
A- "Ab"- suw
Ş- "Şaly" tüwi
Şol döwürlerde ulanylan şiwe sözleri bolup bularyň hemmesi Palowa goşulyan önümleriň manysyny beryar.
Lukman Hekim Palowy derman hökmünde döredip, endamy suwlanyp, çişip oturan Buhara hökümdaryny bejeripdir, ony ayaga galdyrypdyr.
Palow köp derdiň dermany hasaplanyp, ol ilki bilen adamyň ganyny tâmizleyâr. Şonuň yalyda ganyň düzümine yokumlylyk, gujurlylyk beryar. Palaw adam içegeleriniň diwarlarynda dörân her hili yaralary bejermage kömek edyar.
Palowyň iň esasy ayratynlygy bolsa adamyň aşgazanyndaky we bedenindâki gerekmejek zyyanly suwlary, suwuklyklary we gakylyklary özüne siňdirip ayyryanlygydyr.İl içinde bolsa " Hepdede bir gezek palow we balyk iyyan adamyň yanyna dert gelmez" diyen aytgylar hem bar... Umuman aydanmyzda Türkmen palowyna tay geljek nahar yok bolsa gerek... Öyleriňizde gazanlar atarlyp, palowlar buglanyp
Batyr Nuriyew
Döwletmämmet Azadynyň ömri we döredijiligi...
Döwletmämmet Azady 1695- nji yilda eneden doglup, Garrygala, Etrek, Gürgen sebitlerinde yaşap geçipdir. Döwletmämmediň edebi lakamy Azady bolupdyr. Döwletmammediň kakasynyň adyna Magtymguly diýipdirler.
Ol dürli gol hünarleri bilen birlikde, ýona tikmage-de ökde ekeni. Şonun üçin oňa Magtymguly ýonaçy diýipdirler. Ol şahyrçylykdan habarly ekeni.
Magtymguly-ýonaçy özünin päk zahmeti bilen yaşan adam. Dayhançylyk, at esbaplaryny tikmek, gurnamak yaly işler bilen meşgullanypdyr. Ökde kümüşçi ussa bolupdyr. Özi-de sowatly, poeziýadan onat başy çykýan adam bolany üçin halk ony sylapdyr . ýonaçy öz kakasynyň-Döwletmammediň adyny dakýar . ýöne bu oglunyň ýaşlykdan “GARRYMOLLA” diýen lakamy ýörginli bolyar.Şu fakt garrymollanyň diňe bir kakasy Magtymguly-ýonaçy sowatly bolman, eýsem onuň atasy Döwletmämmet-ýonaçynyň hem halk arasynda “Molla” adyny alan hatly- sowatly adam bolandygyna güwä geçyär. Diýmek, Azady arkama-arkam aňyrdan gelyän sowatly, medeniyetli we gurply maşgalada dünä inipdir, terbiie alypdyr.
Döwletmämmet-Azady ilki oba mollasynda sowadyny çykýar. Soňra Hywa medreseleriniň birinde okuwyny dowam etdirýär. Medrese döwründe ol arap, pars dillerini kämil öwrenýär. Türki ýazuw dilini oňat özleşdirýär. Şol wagt şu dillerde ýazylan we talaplara elýeter bolan edebiýata, taryha, filosofiýa, esasan hem yslam dininiň taglymatlaryna degişli kitaplary, golýazma ýygyndylary irginsiz okaýar we öwrenýär. Megerem, şol ýyllarda onuň öz halkyna neneňsi hemaýat etmelidigi baradaky özboluşly oý-pikiri tertibe girip ugrandyr. Sebäbi Hywada okap, Nyzamyny, Nowaýyny, Jamyny, Hysrow Dählewini… okamazlyk, bilmezlik mümkin däl ahyry. Belki ony türki dilde eser ýazmaklyga iteklän Alyşir Nowaýy bolandyr!
Döwletmämmet-Azady Nowaýynyň “Sabai saýýar” (“Edi älem”) eseri bilen tanşanda, onuň 36-njy babynda Bähramyň Nowaýa ýüzlenip aýdýan şu sözlerini-de okandyr: “Olaryň ( Nyzamy, Dählewi, Jamy dagy göz öňünde tutulýar) farsy kelamlary farsy äheňler bolup, ondan çykan owazlar hem farsy labzyndady… Olary farsyçany bilyän kişiler okap, köp türki halklar ondan bibähre galypdyrlar. Sen öz nyzamyňny türki dilde ýazdyň, farsy dilinde yazmagy ar-namys bildiň…
Dünýädäki şahslar içinde kim türki bolsa, ol ýeriň halklary hem türki dilde gepleşýärler. Sen şu halaty hasaba alanyň sebäpli türki ulusyny (ilini) gaty begendirmekde, ylymly-bilimli etmekde, edebi döredijilik işine ugrukdyrmada uly rol oýnarsyň”
Döwletmämmet-Azady 65 ýaşap, 1760-njy ýylyň mart aýynda aradan çykýar. Magtymguly kakasynyň ölümüne bagyşlap ýazan “Atamyň” diýen elegiýasynda onuň 65 ýaşandygyny şeýle ýatlaýar:
“Altmyş bäşde, nowruz güni lu ýyly
Turdy ajal, ýoluň tusdy atamyň;
Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli?
Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň!”
Döwletmämmediň jaýlanan ýeri Etrek çaýy bilen Soňy dagynyň arasynda-Aktokaýda ýerleşýän Garry molla diýen gonamçylykdadyr.
Batyr Nuriyew
пятница, 23 сентября 2016 г.
"iPhone" daky 'i' harpynyň manysy...
iPhone ulanyanlar bilmeyan bolsanaz.
iPhone”uň öñündäki “i” harpy name?
iMac, iPhone ve iPod… Apple kompaniýasynyň çykarýan ähli önümleriniň başynda kiçi “i” harpy bar. Eýsem bu harp, nädip şeýle tanymal boldy; nireden çykdy?
Kiçijek “i” harpyny, Apple kompaniýasy ilkinji gezek 1998-nji ýylda iMac-de ullanypdy. Steve Jobs iMac-i tanadyp duran mahaly şol “i” harpyň näme many aňladýandygyny düşündiripdi.
“i” harpy ilki bada “internet” manysyny aňladýardy. Telefona eýe bolan adamlaryň aglabasy internedi ýokary tizlik we aňsatlyk bilen ullanyp boljak enjamlaryň, telefonlaryň gözlegindedi. iMac şol gereklilige jogap berip biljek enjamdy.
Mundan başga-da, Steve Jobs simwollaşan bu harpyň aňladýan beýleki manylaryny hem setirläpdi. Jobsa görä “i”, “individual” (şahsy), “instruct” (tabşyryk), “inform” (maglumatlandyrmak) we “inspire” (ylham almak) manylaryny hem aňladýar.
Harpyň iMac we beýleki Apple önümlerindäki üstünliginden soňra, 2007-nji ýyldaky ilkinji telefonynda, ÿagny iPhone-da hem ullanylmaga başlanyldy.
Galyberse-de, Apple kompaniýasynyň soňky önümleriniň başynda “i” harpy ýok. Mysal üçin: Apple Watch we Apple TV. Şu günki günde her haýsam bolsa bir elektroniki enjamyň internede bagly bolmagy aýratyn bir başarnyk hasaplanmaýandygy sebäpli, kompaniýanyň “i” harpyny ullanmagy goýbolsun edendigi çak edilýar.
Batyr Nuriyew
Arhimed barada...
Miladydan öň 287- 212 Arhimed – gadymy grek matematigi, fizigi we oýlap tapyjysy bolupdyr. Ol ryçagyň teoriýasyny işläp düzüpdir, suwy we agyr ýükleri galdyrmak üçin ony tejribede ulanypdyr.
Üstünden 2000 ýyl geçendigine garamazdan, henize çenli adamlar onuň “Maňa daýanç nokadyny beriň, men Ýeri götereýin” diýen sözlerini hakydasynda saklaýarlar. Bu sözleri ryçagyň nazaryýetini işläp düzen we onuň mümkinçiliklerine akyl ýetiren görnükli grek alymy - matematigi, fizigi we oýlap tapyjysy Arhimed aýdyp geçipdir.
Ol Sirakuzyň hökümdarynyň gözüniň alnynda polipastan we leňňerden ybarat çylşyrymly enjamy ulanyp, gämini suwa goýberipdir. Indi kimdir biri täze açyş eden bolsa, “Ewriko!” (Tapdym!) diýen sözi şygar bolup ýaňlanýar. Köpe mälim Arhimediň kanunyny açanda, alym şeýle diýip gygyran eken.
Şeýle hem Arhimed ekin meýdanlaryny suwarmak üçin oba hojalyk maşynlaryny we zyňmak üçin niýetlenen harby enjamlary oýlap tapypdyr. Ol gidrostatikanyň esasyny goýupdyr, onuň baş kanunlaryny anyklapdyr we jisimleriň ýüzmeginiň şertlerini öwrenipdir.
Arhimediň uçursyz tehniki zehini rim goşunlary onuň Sirakuzy şäherine ýörüş edende has aýdyň ýüze çykypdyr. Arhimediň maşynlary rimlileri hüjüm etmekden boýun gaçyrmaga we şäheri gabamaga geçmäge mejbur edipdir. Diňe haýynlyk Sirakuzyň derwezelerini duşmana açyp beripdir.
Biziň günlerimizde Gresiýada, hakykatdan-da Arhimed Gün şöhleleriniň kömegi bilen rimlileriň gämilerini otlap başarandygyny barlap görmegi ýüregine düwdiler. Ýetmişe golaý adam deňziň kenarynda Sirakuzyň goraýjylary nähili ulanan bolsalar, ellerinde mis galkanlary saklap hatara durupdyrlar. Haçanda olar Gün “şöhlelerini” agaç gäminiň maketine tutanlarynda, ol birnäçe sekuntdan soň, tutaşyp ýanmaga başlapdyr.
Batyr Nuriyew
четверг, 22 сентября 2016 г.
Türkmen edebiýaty barada gysgaça maglumat...
Türkmen edebiýaty
Türkmen edebiýaty iň gadymy edebiýatlaryň biridir. Ol özüniň taryhyny gadymy zamanlardan alyp gaýdýar. Türkmen edebiýaty bizi gadymy zamanlardan başlap, Şu günlere çenli halkyň ýaşaýşy, durmuşy, dürli wakalara gatnaşyşy, gahrymançylyklary, pajygaly ýagdaýlary, arzu-islegleri, bagtly-şatlykly durmuşlary bilen çeper tanyş edýär. Halkyň döreden şahyrana eserleri: “Gorkut ata”, “Oguznama” , “Kabusnama”,”Görogly” , “Sasenem-Garyp” ýaly onlarça eposdyr dessanlar köp asyrlar mundan öňki gahrymançylykly, durmuşy, taryhy wakalary habar berýär. -z taryhyny gadym zamanlardan alyp gaýdýan edebiýatyň has ösen döwri orta asyrlardyr. Bu asyrlarda Orta Azyýada Mahmyt Kaşgary “Diwany- Lügat et-türk” , Abu Abdylla Muyzzi (1047- 1127), Omar Haýýam (1048- 1122), Sanjar (1083-1157) “Seljuknama”, Hoja Ahmet Ýasawy (1103-1166) , Aly “Kyssaýy-Ýusup” (1233), Mahmyt Pälwan (1247-1326), Ahmet Burhaneddin Siwasly (1345-1398) Horezm1i “Muhabbetnama” (1353), Seýit Nesimi (1370-1417), Alyşir Nowaýy (1441-1501) ,Wepaýy “Rownakyl yslam” (1464) , Muhammet Fizuly (1500-1563), Muhammet Baýramhan (1505-1561). Abdyrahym Baýramhan ogly (1556-1626), Berhudar Türkmen “Ragna we Zyba” Garaja oglan (1606-1679) ýaly beýik şahyrlar ýaşap eserleri bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyny baýlaşdyrypdyrlar. Orta, asyrlaryň iň görnükli talantlarynyň biri Muhammet Baýramhandyr. Ol diňe bir şahyr, bagşy-sazanda däl-de , Hindistanda Mongollar köşgüniň baş weziri , harby serkerde-”Han- hanan” hem bolupdyr. Baýramhanyň türki, pars, urdy dillerinde ýazan goşgulary asyrlar geçip, biziň döwrümize ýetipdir.
XVIII asyr türkmen edebiýatynyň özboluşly ösen döwrüde ýaşan görnükli, progressiw pikirli söz ussatlary:“Döwletmämmet- Azadynyň (1700-1760) “Wagzy-azat” , “Magtymguly-Pyragynyň” (1733-1783) graz'danlyk Lirikasy, Nurmuhamet-Andalybyň (1710-1770) “leýli-Mejnun”, “Ýusup-Züleýha” , “Oguznama” , Abdylla -žabendänin (1720 -1800) , “Gül “ Bilbil”, “žabährem” , Syýahatnama , “Ĺžeýdaýynyň (1730 -1800 )” , “Gül-Senuber” Mahmyt Gaýybynyň (1734-1800) , “Otuz iki tohum kyssasy” , Gurbanaly Magrupynyň (1740-1810) “Seýpelek-Medhaljemal” , “Döwletýar”, “Ýusup-Ahmet” , “Aly beg-Baly beg” ýaly eserleri türkmen edebiýatyny , dilini we medeniýetini biçak ösdürýär. XVIII asyr türkmen edebiýatynda agzybirlik, il-ýurdy söýmek we ony goramak , bir bitewi döwlete birleşmek , mertlik , batyrlyk , wepalylyk , ar-namysly bolmak “ baş temalar bolýar.Çeper edebiýatda milli özboluşlylyk , täze mazmunly poeziýa , realistik ugur , progressiw ideýalar has aýdyň dużulýar .
XIX asyrda türkmen edebiýaty döwrebap ösüş ýoluny geçýär. Bu döwrüň türkmen edebiýatynda XVIII asyrda düýbi tutulan esasy temalar, progressiw ösdürilýär , kämilleşdirilýär.
XIX asyrda özleriniň dürdäne eserleri bilen külli türkmene özüni tanadan klassyk şahyrlar: Mämmetweli Kemine, Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili , Mollanepes , Annagylyç Mätäji we başgalar ýaşapdyr. Bu talantly şahyrlaryň durmuşy dogruçyl beýan edýän , zähmetkeşiň duýgy-dünjesini, ýürek owazyny çeper aňladýan goşgulary ýüreklere teselli berip, dilden -dile geçip gelipdir.
XIX asyrda türkmen topragy dürli taryhy wakalaryň şaýady bolupdyr. Muny Abdy Setdar Kazynyň “Jeňnama” (Tekeleriň uruş-kyssa kitaby) poemasy tassyklaýar. “Jeňnama” (1862) poemasynyň üsti bilen beýik akyldar Magtymgulynyň türkmen tirelerini birleşdirmek , bir bitewi türkmen döwwletine-ýeňilmez güýje öwürmek baradaky progressiw ideýlarynyň XIX asyrda durmuşa geçip başlandygyny açyk aňýarys.
XX asyryň başyndaky (1900-1917) türkmen edebiýatynyň taryhyny Döwletmämmet Balgyzyl , Molladurdy , Baýram şahyr , Körmolla, Durdy Gylyç ýaly halk arasynda giňden tanalan şahyrlar bezeýär . Bu şhyrlar öz eserlerini , esasan durmuşy , sosiyal deňsizlik temalarda düzüp, türkmen edebiýatyna öz goşantlaryny goşupdyrlar.
Türkmen sowet edebiýaty (1917-1990) özüniň döreýiş we ösüş başlangyjyny beýik Oktżabr Sosialistik rewolżusiýasynyň ýeňşinden alýar. Onuň döreżiş we ösüş prosesi ýurdumyzdaky sosiýalistik durmuş ajaýyp söz ussatlarynyň -ýazyjy -şahyrlaryň: Mollamurtuň, Berdi Kerbabaýewiň Ata Gowşudowyň, Agahan Durdyýewiň, Oraz Täçnazarowyň, Hydyr Derýaýewiň, Nurmyrat Saryhanowyň, Ata Salyhyň, Aman Kekilowyň, Gara Seýitliýewiň, Towşan Esenowanyň, Kerim Gurbannepesowyň we başgalarynyň döredijilik talanty bilen berk baglanyşýar. Türkmen Sowet edebiýaty geçen taryhy döwrüň içinde tema, ideýa-çeper-çilik janr taýdan has ösýär we kämilleşýär. Onuň taryhyny Beýik Oktýabr, W.Ý.Lenin, partiýa, türkmen halkynyň geçen taryhy -rewolýusiýon ýoly, beýik watançylyk urşunda sowet halkynyň beýik Ýeňşi, parahatçylyk, halklaryň dostlygy, Sowet adamsy we onuň zähmet hem ahlak sypatlary barada ýazylan ýüzlerçe çeper, şahyrana eserler bezeýär .
Türkmen edebiýatyny öwrenmekde onuň ençeme asyrlyk taryhyny yzarlamakda, ýüzlerçe talantlaryň döredijilik dünýäsine göz aýlamakda bize şu “Türkmen ýazyjylarynyň portretleri” diýen komplekte girýän 16 ýzyjy-şahyryň kömek berjekdigine ynanýarys.
Batyr Nuriyew
среда, 21 сентября 2016 г.
Ata Gowşudowyň ömri we döredijiligi...
Ata Gowşudow türkmen halkynyň görnükli ýazyjylarynyň biri bolup, 1903-1953 ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir. Ol hekaýa, powest, roman ýazmaklyk bilen meşgullanypdyr.
Ömri
Ýazyjy 1903-nji ýylda Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Büzmeýin obasynda eneden dogulýar. Atanyň ejesi belli ertekiçi aýal Ogulgerek eje bolupdyr. Ýaşlykda Ogulgerek eje öz ogluna rowaýatdyr, ertekiler aýdyp beripdir. Şeýlelikde Atada halk döredijiligine we çeper edebiýata söýgi döräpdir. Ol ilki oba mekdebini tamamlaýar, soňra mugallymçylyk kursunda okaýar. Ol 1922-nji ýylda sowet partiýa mekdebinde okaýar. Ol şol döwürde „Gyzyl puluň gullary“ atly pýesasyny ýazýar. 1922-nji ýyldan başlap Moskwadaky Gündogar zähmetkeşleriniň kommunistik uniwersitetinde okap başlaýar. Bu ýerde okamak onuň gözýetimini giňeldýär, rus edebiýatyna bolan söýgini döredýär. Türkmenistanda kadr ýetmezçilgi sebäpli Atany Moswkadaky uniwersiteti gutarmanka işe çagyrýarlar. Ol 1925-nji ýylda „Ýaş Kommunist“ gazetinde işläp başlaýar. 1927-1933-nji ýyllar aralykda Magaryf işlerinde işleýär. 1933-nji ýylda „Sowet Türkmenistan“ gazetiniň edebi işgäri bolup işleýär. 1934-nji ýylda „Ýolumy düzetdim“, „Azaşan yzyny tapdy“ ýaly hekaýalary ýazýar. 1938-nji ýylda Türkmen döwlet ylmy derňew dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri bolup işleýär. Ol şonda halk döredijiligini toplamak bilen meşgullanýar. Ata Gowşudowyň "Perman" romanynda Gökdepe söweşi tragediýasy hakyky teswirlenip görkezilýär. Ýöne romany çap etmeklik sowet döwründe senzura ugraýar, we romanyň ilkinji baby bütünleý ýogadylýar. Galan baplaryny Ata Gowşudow aradan çykansoň, ýazyjy Nargylyç Hojageldiýew ýolbaşçylyk edip çap etdirýär.
Hekaýalar
Gandym awçynyň maşgalasy
Gajar aga
Azaşan yzyny tapdy
Ýolumy düzetdim
Garrynyň Sözi
Ýelli Ödäniň öýlenişi
Powestler
Dordepel
Watan ogly
Iň soňky arçyn
Romanlar
Perman
Mähri-Wepa
Köpetdagyñ eteginde
Pýesalar
Juma
Gyzyl puluň gullary
Görogly
Ganly jeňňel
Batyr Nuriyew
Magtymguly Pyragy - Gerekdir
„Menem“ diýen goç ýigide
Bir mynasyp ýar gerekdir.
Arap at, ýowly ýigide
Almaz zülpükar gerekdir.
Ýigit oldur – ýurt üstünde,
Janyn berse din üstünde,
Goç ýigitler il üstünde
Namys bilen ar gerekdir.
Bäş gün köňül hoş etmäge,
Supra ýaýyp, nan dökmäge,
Abraý alyp, at etmäge,
Gollarynda bar gerekdir.
Mekgä baran bolar hajy,
Aýralyk ölümden ajy,
Goç ýigide din gylyjy,
Aşyga didar gerekdir.
Artdyr pelek ah-u zaryň,
Alar elden ygtyýaryň,
Magtymguly, söwer ýaryň
Syýa zülpi tar gerekdir.
Batyr Nuriyew
вторник, 20 сентября 2016 г.
iPhone 6 we iPhone 6+ satuw gadagan edildi
Dünýäde Apple meşhur smartfonlarynyň satuwlarynda öňe geçmek üçin, gör nämeleri etmeýärler.
Pekin hökümiýeti Apple şereketiniň iPhone 6 we iPhone 6 Plus smartfonlarynyň satuwlaryny gadagan etdi.
Munuň ýaly, geň galdyryjy gadagan edilmäniň sebäbi, tassyklanylmadyk fakt, Apple şereketiniň iki sany nusgasy hamala Burley hytaý şereketiniň nusgalarynyň göçürmesi diýlip çaklanylar diýip «Engadget» neşirýaty habar berýär.
Barlag wagtynda, Pekiniň intellektual özbaşdaklygyny goraýan býurosy barlagy esasynda, Apple şereketi bikanun 100C smartfonynyň dizaýnyny ogurlapdyr.
Bilermenleriň pikri boýunça, iki smartfon nusgalarynyň arasynda tapawut gaty uly däl, adaty satyn alyjy olary çalşyp hem satyn alyp biler.
Munuň ýaly fakty ýüze çykarylandan soňra, ýerli häkimýet Pekinde iPhone 6 we iPhone 6 Plus telefonlaryny satmaklygy gadagan etdiler.
Şeýle-de, Apple şereketiniň bu çözgüde arz edip suda berendigi hem bellidir.
Batyr Nuriyew
TMCELL we MTS barada maglumat...
Salam hormatly agzalar we
gadyrly myhmanlar!.
Öñden bäri TM CELL(Altyn Asyr)-
yñ bahalary barada bir topar
maglumatlar bloglarda
ýazylylypdy. Ýöne açyk we anyk
maglumatlar giñishleýin
düshündirilmändi. Men shu gün
gazet okap otyrkam,
"Türkmenistan" gazetinde TM
CELL-iñ nyrhlary barada bu
maglumatlary okadym we siz
bilen paýlashaýyn diýdim.
Içimizde bahalary bilmän info
tapman ýörenlerimiz bardyr, ine
sholara kömek höküminde shu
blogda TM CELL-iñ nyrhlary
hakda giñishleýin(jañlar, wideo
jañlar, sms, mms, gprs, 2G, 3G
w.sh.m) we anyk bahalaryny
hakda maglumat goýjak. MTC(tm)
barada-da azajyk özümiñ bilýän
infolarymy ýerleshdirjek.
TM CELL barada:
Изображение
GSM-den GSM-e çykysh jañlar (TM
CELL ulgamy), bir minut üçin -
0,10 manat
GSM-den GSM- girish jañlar (TM
CELL ulgamy), bir minut üçin -
0,00 manat
GSM- den shähere we shäherara
aragatnashyk ulgamyna çykysh
jañlar, bir minut üçin - 0,12
manat
GSM-e ähli girish jañlar (GSM TM
CELL ulgamyndan bashga), bir
minut üçin - 0,12 manat
SMS hyzmatlary (bir SMS üçin) -
0,08 manat
Wideo jañlar ähli ugurlary
boýunça (çykysh we girish jañlar
halkara jañlaryndan bashga), bir
minut üçin - 0,20 manat
Ulgamyñ içinde girish jañlary -
0,00 manat
MMS hyzmatyny birikdirmek -
0,00 manat
Bir çykysh MMS hyzmaty üçin
(TM CELL ulgamy we bashga
operatoryñ ulgamyna), - 0,20
manat
GPRS hyzmaty: 1 M/baýt,
(göwrümli maglumat üçin) - 0,20
manat
Jañlar 4 sekunt wagtdan soñ
nyrhlandyrylýar. Soñky
sekuntlar 1 minut gepleshik
hökmünde nyrhlandyrylýar.
Täze nyrhlarymyzy
birikdirilende minimal
hyzmatlarynyñ sanawy:
2G - Standart nyrhy üçin:
1. Ulgama birikdirmek - 0,00
manat
2. SIM-karta üçin - 3,00 manat
3. Abonent tölegi - 2,00 manat
4. Shäherara aragatnashygy
çykysh koduny birikdirmek -
0,00 manat
5. SMS hyzmatyny birikdirmek -
0,00 manat
6. Belgini anyklamak hyzmatyny
birikdirmek - 1,17 manat
Jemi hyzmatlar paketi üçin -
6,17 manat
2G - Standart nyrhynda GPRS
hyzmatyny ulanmak hem
mümkindir (birikdirmek 5
manat)
3G - Internet nyrhy üçin:
1. Ulgama birikdirmek - 0,00
manat
2. SIM-karta üçin - 3,00 manat
3. Abonent tölegi - 2,00 manat
4. Shäherara aragatnashyga
çykysh koduny birikdirmek -
0,00 manat
5. SMS hyzmatyny birikdirmek -
0,00 manat
6. Belgini anyklamak hyzmatyny
birikdirmek - 1,17 manat
7. GPRS hyzmatyny birikdirmek -
5,00 manat
8. 1 G/baýt maglumat üçin töleg -
70.00 manat
Jemi hyzmatlar paketi üçin -
81,17 manat
Ähli nyrhlar GBSS-i bilen
görkezilen.
Habarlashmak üçin telefon
belgileri: 39-88-26, 39-27-67.
MTC (tm) barada:
Eger MTC (tm) ulanýan bolsañyz,
ýörite özüniñ resmi saýtlary bar:
www.mts.tm ýa-da wap.mts.tm.
Shu ýerlerlerden MTC (tm)-yñ
tariflary, hyzmatlary, nyrhlary
barada giñishleýin tanyshyp
bilersiñiz. "MTC hasabym" - bu
bolsa MTC nomeriñizdäki
hasabyñy görüp we dolandyryp
(*131# jañ aýlaýañyz, parol
gelýär. paroly sho linkdäki öz
ýazmaly ýerine ýazýañyz,
ashagynda nomeriñizi ýazýañyz
soñ öz hasabyñyzy internediñ
üstünden dolandyryp bilýäñiz.
*131# jañ aýlap parol almak
mugtdyr.) bilersiñiz!
Batyr Nuriyew
Dalçyn ýady ösdürýär...
Dalçyn ýady ösdürýär
Eger de, çaganyň mekdepde ýetişigi
gowşak bolsa, mysal üçin, ol maglu-
matlary hayal özleşdiryan bolsa, onun iýmit
sanawy na dalcyn gosun, ABS-nyn Raş uni-
wersitetinin alymlarynyň sözlerine görä, dal-
çyn okuwa ukybyňy güyçlendirýär. Doggrusy,
okuwa bolan ukyp, çagalykdan belli bolyar.
Yöne ömrün dowamynda, onun üstünde iş-
lap güyçlendirip bolyar. Käbir okuwcylar
tagalla edyändigine garamazdan, sapakla-
ry oňat özleydirip bilmeyärler. Dalcyn bol-
sa, ozalbaşdan zehinleri gowsaklara ýardam
bermäge ukyplydyr. Şeyle hem dalcyn mag-
lumatlary özleşdirmekde yene-de has ýokary
göterilmek isleyänlere yardam bermeyär.
Beynide yady emele getirmäge, guramaga
we ony saklamaga gippokamp joggap beryär.
Bilermenler gowy okamayan okuwcylaryň gippokampynda CREB (yatkeslik we okuw prosesi üçin möhüm bolan) belogynyň azdygyny we
GABRA5 (beyninin gecirijiligini hayalladyan.
birleşme) belogynyň hem kopdügini aydyň-
laşdyrdylar. Dalcyn öz nobatynda, bedende
benzoat natriya öwrülýän. Bu birleşme bolsa,
beýnä zeper yetmelerini bejermekde ulanyl-
ýar. Haçan-da, benzoat natriya beynä aralaşanda,
CREB-in derejesinin yokarlanmagyna we
GABRA5 in hem peselmegine alyp baryar. Bu yagday gippokampyň neyronlarynyň çeyeligine sebäp bolyar.
Netijede, ol yadyň gowulaşmagyna we okuwa bolan ukyplaryň artmagyna alyp baryar.
Google we synag...
Gowy iýmitlenmegiň, aýdym-saz diňlemegiň, ýeterlik uklamagyň, küşt oýnamagyň ýa-da tapmaça çözmegiň zehinimizi ýiteldýändigini biz köpden bäri bilýäris. Emma siz “Google” internet sahypasynda gözleg geçirmegiň we synaglara gatnaşmagyň hem zehinimiziň ýitelmegine güýçli täsir edýändigini bilýärmidiňiz?Kaliforniýa uniwersiteti tarapyndan geçirilen ylmy-derňewlere laýyklykda, hepdede üç-dört gezek 20 minut töweregi Google internet sahypasynda gözleg geçirmeklik beýnimiziň işjeňleşmegine we ondaky küleňsi maddanyň artmagyna oňyn ýardam edýändigi ýüze çykaryldy. Çünki Google saýtynda gözleg geçirmek islänimizde bize zerur bolan tema barada ilki özümiz parhynda bolmazdan beýnimizde gözleg geçirýäris. Şoňa görä-de, internet sahypasyna buýruk berýäris. Eger-de biz Google saýtynda gözleýän temamyz bilen baglanyşykly iň ýakyn sözi ýazmasak, onda biz şol tema bilen baglanyşykly anyk maglumatlary tapmakda kynçylyk çekýäris.Angliýanyň Kent döwlet uniwersitetiniň alymlary bolsa ýakynda amala aşyran ylmy-derňew işleriniň netijesinde ýaşlaryň yzygiderli synag tabşyrmaklarynyň olaryň beýnisiniň işjeňleşmegine, zehininiň ýitelmegine we ýatkeşliginiň güýçlenmegine oňyn täsir edýändigini anykladylar. Ýylyň dowamynda bary-ýogy 2 gezek synag geçirilen topar bilen 8 sekiz gezek synag geçirilen topary deňeşdirenlerinde bolsa köp synag tabşyran toparyň talyplarynda maglumatlary uzak wagtlap ýatda saklap bilmek, meselelere tiz düşünmek, synagda wagty tygşytlamak, özlerini rahat alyp barmak ýaly hereketleriň kämilleşendigine göz ýetirdiler. Bu babatda uniwersitetiň professory Katerin Rowson “Köp synag tabşyrmak geljekde öwrenilen maglumatlary uzak wagtlap ýatda saklap bilmek mümkinçiligini dolulygyna artdyrýar, şeýle hem zehini ýiteldýär” diýýär.