пятница, 17 июня 2016 г.

Zenan maşgalalar barada

Kim aýtdy zenan maşgala ejiz diýip?  Käbir zenan maşgalanyň duran ýerinde köp erkegiň durup bilmejegini köpimiz bilýän bolsak gerek. Kerim şahyr öz goşgusynde " 5 telpegi 1 gyňaja daňyp git" diýip ýöne ýere aýdanok ahyry.

1845-nji ýylda Periskop tehnologiýasyny Sara Meter atly zenan oýlap tapdy. Periskop - ýerasty gämilerde bolýar, öňde uly göwrümli birzat bar bolsa gämi bilen şoň aralygyny kesgitleýär. 

Asman jisimleriniň koordinatyny ölçeýän gural zenan alym filosof, astronom Gipatiýa Aleksandriýskaýa tarapyndan biziň eramyzdan öň 370-nji ýylda oýlanyp tapyldy. Guralyň ady -Astrolýabiýa.

Etli konserwa- 1873 nji ýylda rus zenany Nadežda Kožina tarapyndan oýlanylyp tapyldy. Onuň bu üstünligi üçin Wenada geçirilen halkara sergide medal bilen sylaglandy. (Çünki bu oýlap tapyşyň ähmiýeti örän uludy. Hususanam esgerler üçin).

Ýönekeýje kätip. Hawa, wezipesi ýönekeýje kätip bolan zenan 1892-nji ýylda ilkinji bolup gar arassalaýjy maşyny ýygnamagy başardy.

 Gap ýuwujy maşyn ilkinji gezek 1886-njy ýylda Jozefa Kokreýn tarapyndan oýlanylyp tapyldy.

Býustgalter - 1889 njy ýylda Ermini Kadol atly zenan tarapyndan Parižde geçirilen uly sergä çykaryldy we  şöhratlanmagy başardy.

Çaganyň arlygy. Elbetde bulam ilkinji gezek Mariana Donawan tarapyndan hödürlenip, daşary ýurtlaryň hem çagalar üçin arlygy ulanyp başlamaklaryna getirdi.

Maşynyňyzyň öňki aýnasyndaky gar-ýagyşy süpüriji (стеклоочиститель) hem 1903-nji ýylda Meri Anderson tarapyndan oýlanylyp tapyldy.

Awtomobilleriň gluşiteli hem 1917-nji ýylda Dolores Jons atly zenan tarapyndan oýlanylyp tapyldy.

Goraýjy geýim (bronežilet) - 1965 -nji ýylda doktor Stefani Kwolek tarapyndan oýlanylyp tapyldy.

Biziň iň bir gowy görüp ulanýan zatlarymyzyň biri), internet ulgamyndan birwagtyň özünde birnäçe adamyň peýdalanyp bilmegine mümkinçilik berýän WI FI hem elbetde alym zenan Hedi Lammar tarapyndan 1941-nji ýylda oýlanylyp tapyldy.