вторник, 4 октября 2016 г.

Horlanmak isleýänler üçin...

Horlanmak
isleyänler üçin
badamjan yokumly
gök önümlerin bi-
ridir. Ondan dürli naharlary taýýarlap
bolyar. Bu önüm gadym zamanlarda gündo-
gar yurtlarynda ayratyn ähmiyete eye bolup,
Yewropa giç aralaşyar. Şeyle de bolsa, şu günki günde badamian dürli
yurtlarda ekilýär. Bu
önümin düzüminde adam bedeni üçin peyda-
ly maddalar bar. Badamjanda yürek myssala-
rynyň kadaly işine yardam berýän köp muk-
dardaky kaliy, şeyle hem B witamini, askorbin
slotasy we karotoin bar. Onun düzüminde
witaminler onçakly op bolmasa-da, beden
den zyyanly holesterinleri çykarmaga ukyply
maddasy bilen tapawutlanyar.
 Mundan başga-da ol kletçatkalara bay bo-
lup, adamy tiz doyurmaga ukyply, unun bi
len birlikde hem kalori yaglylygy pes. Sonun üçin artykmaç
agramdan dynmaga tagalla edýän köp adamlar ony
halayar. şeyle hem bu benewse renkli önüm
düzüminde kekirdegi we sünkleri berkitmä-
ge ukyply madda saklap, hereket dayanç
sünklerinin agyrylarynyn ösüsini hayallat-
maga mümkincilik beryar. Seyle hem ba
damjany yzygiderli iymek juwanlygyny we
derini onat saklamaga yardam berýär. Çün
ki badamjan tebigy kollagen işläp cykaryp
derini cyg saklayar. Badamjany dürli usul-
lar bilen tayyarlap ar. Ol gowurmakdan
başga, beyleki naharlaryň we işdäaçarlaryň.
düzüm bölegi hökmünde hem ulanylyar.



Batyr Nuriyew

понедельник, 3 октября 2016 г.

Çişligiň taýýarlanylyşy...

Çişlik

1 kg hindiguş/towuk/goýun/sygyr eti
½ limon
1 kiçi sogan
3-4 baldak ter şibit
3-4 baldak ter petruşka
1 çaý çemçesi duz
⅓ çaý çemçesi gara burç
¼ çaý çemçesi iri gyzyl burç
6 nahar çemçesi sirke (8%)
1 düýp ýaş sogan

1. Eti kub (inedördül) şekilinde dograp, bir gaba atmaly. Limony, sogany ýarym halka şekilinde dogramaly. Şibitdir petruşkanyň ýapraklaryny aýryp, gaty baldaklaryny dogramaly. Soňra etiň üstüne limony, sogany, şibitdir petruşkanyň baldagyny atyp, duz, gara we gyzyl burç, 5 nahar çemçesi sirke sepip, gowy garmaly. Gabyň gapagyny ýapmaly we ony salkyn ýerde bir gije goýmaly.

2. Maňňalda ot ýakmaly. Eti çişlere sykyja edip düzmeli. Odun ýanyp, köz bolanda, et düzülen çişleri maňňalyň üstünde goýmaly. Etiň hemme ýeri deň bişer ýaly, käýarym çişleri öwrüp durmaly. Şeýle-de, aşagynyň ody güýçlense, bişip duran çişlige aram-aram sirke garylan suw sepilýär. Etiň daşy gowy gyzarýança bişirmeli.

3. Şibitdir petruşkanyň ýapraklaryny we sogany dograp, bişen çişligiň üstüne atyp, 1 nahar çemçesi sirke sepmeli. Çişligiň ýany bilen gyzzyrma ýa-da tüwi berilýär.



Batyr Nuriyew

воскресенье, 2 октября 2016 г.

Dogramanyň ýasalyşy...

Dograma türkmenleriň iň milli naharydyr we ýörite baýramçylyklarda, esasanam Gurbanlykda edilýär. Gurbanlyk her ýyl Gurban (Zilhijje) aýynyň onunjy güni başlaýar. Üç günläp dowam edýän Gurbanlykda maşgalalar, dostlar, goňşular topar-topar bolup, bir-biregiň öýüne baryp, nahar iýýärler.

Dograma etmek üçin birnäçe tamdyr petir çörek bişirilýär we täze goýun eti gazana atylyp, et süňkden sypara gelýänçä gaýnadylýar. Petir çöregi, bütin maşgala bolup, elde owunjak dograp, giň ýazylan saçakda dogralan et, sogan bilen gowy garýarlar. Soň dogramany iýjek adamlaryň islegine görä tabaga salyp, üstüne gyzgyn çorba guýup, Gurbanlyga gelenlere äberýärler.

Dograma

8-10 adamlyk

Çorba üçin:
1½ kg ýagly, süňkli goýun ýa-da sygyr eti
5 l suw
2 nahar çemçesi duz
2 pomidor

Çörek üçin:
1 nahar çemçesi duz
600 ml ýyly suw
1 çaý çemçesi gury hamyrmaýa
1 kg un

2 sogan
Gara burç

1. Gazana et atyp, suw guýup, ony güýçli otda goýmaly. Suw gaýnap başlanda, onuň ýüzüne çykan köpügini aýyrmaly we çorba duz atmaly. Soňra gazany aram otda goýup, onuň gapagyny ýapmaly. Çorba 20 minut gaýnansoň, onuň içine pomidor dogramaly. Gazanyň gapagyny ýapyp, et gowy bişýänçä, çorbany gaýnatmaly. Çorbanyň duzuny dadyp görmeli, eger ýuwan bolsa, oňa duz atmaly.

2. Çorbanyň eti bişýänçä petir çöregi bişirmeli. Petir çörek üçin tabaga duz atyp, suw, hamyrmaýa we un guýup, hamyr etmeli. Hamyry 2 bölege bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly.

3. Ojagy 250°C (482°F) gyzgynlykda gyzdyrmaly. Ojak gyzýança hamyry oklaw bilen ýaýyp, 1.5 sm galyňlykda çörek ýasamaly. Çörekleri dürtgüç bilen güri dürtmeli we ojak kagyzy ýazylan taba geçirmeli. Çörekleriň ýüzüne suw çalmaly we tabany ojagyň ortaky gatynda goýmaly. Çörekleri ýüzi gyzarýança (15-18 minut) bişirmeli.

4. Bişen çöregi saçagyň üstünde eliň bilen ownuk dogramaly (bir çöregiň ¼ bölegini dograman goýmaly). Dogralan çöregiň üstüne ýarym halka şekilinde kesilen sogany guýmaly. Çorbanyň etini bir tabaga çykarmaly we ony dogralan çöregiň üstüne atmaly. Soňra eti dograman goýan çöregiň üstünde ownuk dogramaly. Dogralan eti, sogany, çöregi iki eliň bilen gowy garmaly we üstüne 3-4 nahar çemçesi ýagly çorba sepelemeli. Şondan soň dograma taýýar bolýar, ýöne 20-30 minut saçaga dolap goýsaň, ol gowy alyşýar we has tagamly bolýar.

5. Dograma äberilende tabaga guýlup, üstüne gara burç sepilýär we gaýnap duran çorbadan üstüne çykar-çykmaz edilip guýulýar. Dogramany gury, çaýa ýanap hem iýseň bolýar.



Batyr Nuriyew

Bronhit keseli barada...


Bronhit — bu bronhlaryň sowuklamasydyr. Bronhitde esasan hem bronhlaryň nemli bardasy zeperlenýär. Dem alyş bilen bagly keselleriň arasynda bronhit iň köp duş gelýän keseldir. Bronhitiň özbaşdak, bir-birinden tapawutlanýan dowamly we ýiti görnüşi bolýar.
Ýiti bronhit
Ýiti bronhitiň esasynda respirator wiruslar  zerarly döreýän bronhlaryň nemli bardasynyň alawlama ýagdaýy ýatyr. Respirator wiruslaryna streptokokklar, pnewmokokklar, gemofiliýa taýajygy ýaly ýokançlyklar birigip bilýär. Şeýle hem  traheit, laringit, rinofaringit ýaly keseller bilen ýüze çykyp bilýär.
Bronhitiň döremegine sowuklama, çilimkeşlik, alkogol içgiler, burundan dem almagyň bozulmagy, döş kapasasynyň şekiliniň üýtgimegi  sebäp bolýar. Himiki (gyjyndyryjy gazlar) ýa-da fiziki (sowuk ýa-da yssy howa) täsirleriň netijesinde  hem ýiti bronhit döräp biler.
Bronhit dürli şikeslendiriji maddalar arkaly hem ýüze çykýar. Şikeslendiriji madda  dem alnanda, howa arkaly bronhlara düşýär. Mundan başga-da şol madda gan akymy (gematogen ýoly) ýa-da  limfa akymy (limfogen ýoly) bilen bronhlara geçip  bilýär. Netijede bronhlar, has takygy olaryň nemli bardasy çişýär we nemli iriňli bölünip çykma emele gelýär. Has agyr ýagdaýlarda  bronhlaryň nemli gatlagynda dargama ýagdaýlary  bolup geçýär.
Çişme zerarly  bolup geçýän üýtgeşmeler we bronhlaryň gysylmagy netijesinde bronhial geçirijilik bozulýar (esasanam ownuk bronhlaryň şikeslenmesinde).
Ýokanç gelip çykyşly bronhit ýiti rinitiň we  laringitiň esasynda başlanýar. Ýiti bronhit başlanda, adam özüni ýaramaz duýýar, onuň döşi ýanyp duran ýaly bolýar.
Bronhitiň esasy alamaty – üsgülewükdir. Ol gury ýa-da gakylykly bolýar. Ýiti bronhitde  üsgülewük tutgaýgörnüşli bolýar. Käte tutgaýgörnüşli üsgülewük şeýle bir güýjeýär, hatda kellagyryny hem döredip bilýär. Näsaglar ysgynsyzlyga, üşütmä, gyzgynynyň 37-38Сº ýetýändigine, kellagyra, damarlardaky (myşsalardaky) agyra arz edýärler.
Auskultasiýa (diňläp barlamak usuly) geçirilende, agyr dem alyş we dagynyk gury hyžžyldy bellenilýär. Ganyň barlaglarynda kän bir üýtgeşmeler bolmaýar.
Kesel başlanyndan  soň, goýy gakylyk emele gelýär we üsgülewük az-kem ýeňleýär. Näsagyň özüni duýşy gowulaşýar.  Adatça kesel bir-iki hepde dowam edýär. Emma üsgülewük bir aýa çekip bilýär.Ýiti bronhitde dem almak has kynlaşýar. Ýiti bronhit dowamly bronhite geçip bilýär.
Ýiti bronhitiň bejerilişi
Ýiti bronhitde düşekde ýatmak  we azrak hereket etmek maslahat berilýär. Bu örän  wajypdyr! Köp hereket edilende, dem alyş ulgamyna agram düşýär. Ýiti bronhitde  oňat iýmitlenmek gerek, derman ösümlikli çaý, mineral suw we soda garylan süýt ýaly ýyly içgileri içmek zerurdyr.
Çilim çekmek düýbünden gadagandyr!
Döşüňize we ýagyrnyňyza bankalary ýa-da burçly gyzdyrgyçlary diňe lukmanyň görkezmesi bilen  ýapmalydyr.
Gakylyk ýeňillik bilen gopup çykar ýaly we üsgülewük azalar ýaly,  derman serişdeler hem  ulanylýar (aspirin, parasetamol, bromgeksin, kodein, libeksin we ş.m.). Bugdan dem alma (ingalýasiýa) hem ýiti bronhiti  bejermekde örän peýdalydyr. Ýörite ingalýatorlar bolmasa, öý şertlerinde hem ingalýasiýa  etmek bolýar. Bug ingaliýasiýasy üçin pitijige 4-5 bulgur suw guýup, derman serişdesini atyp, gyzdyrmaly. Pitiden çykýan bugdan dem almak üçin, üstüňize desmal ýapyp bilersiňiz. Ýüzüňiz buguň çykýan ýerinden 20-30 sm aralykda bolmaly. Şeýle ýyladyş ingaliýasiýalaryny 3-5 günüň dowamynda günde birnäçe gezek 5 minut etmeli.
Gakylyk iriňli bolmasa, antibiotikleri ulanmaly däldir. Olar bronhitiň  diňe ýiti görnüşinde ulanylýar.
Bronhitiň ýene-de bir görnüşi- dowamly bronhitdir. Dowamly bronhit dünýäde iň giň ýaýran keselleriň biridir. Diňe Russiýa Federasiýasynda dowamly bronhit bilen kesellanleriň iki milliondan gowragy ýaşaýar. Bu bronhial demgysmaly näsaglardan  iki esse köpdür. Dowamly bronhitiň şeýle giň ýaýrandygy sebäpli, tä demgysma, ysgynsyzlyk ýüze çykýança, biz lukmana ýüz tutmaýarys.
Dowamly bronhitiň ýene-de bir aýratynlygy onuň ösüşiniň çilimkeşlik bilen aýrylmaz baglanyşykly bolýanlygyndadyr. Bu çilim çekýänlerde we çilim çekýäniň ýanynda tüssesinden dem alýanlarda hem deň derejede ýüze çykýar. „Çilimkeşiň bronhiti“ diýen ýörite adalga-da bar. Çilim çekýänler öz üsgülewigine şeýle bir öwrenişýärler, hatda onuň bronhitiň esasy alamatydygyna hem üns bermeýärler. Senagat taýdan ösen ýurtlaryň ilatynyň arasynda bronhitiň ýylsaýyn artýandygy bellenilýär.
Dowamly bronhit erkek adamlarda has ýygy duş gelýär. Kesel ýaşlykdan dowamly başlanýar. Gakylykly üsgülewük dowamly bronhitiň esasy alamatydyr. Dowamly bronhitde keseliň gowşamagy ýitileşme bilen gezekleşip durýar. Dowamly bronhit köplenç sowukda, ýaramaz howa şertlerinde, sowuklamada respirator  wirus ýokançlyklarda döräp bilýär. Keseliň aýdyň kliniki alamatlary adatça 40-50 we ondan ýokary ýaşdaky adamlarda ýüze çykýar.Üsgülewük keseliň esasy alamaty bolup, ol indi hemişelik häsiýete eýedir. Dowamly bronhitiň ýitileşen döwründe  üsgülewük güýjeýär, gakylyk iriňli bolýar we onuň mukdary artýar, bedeniň gyzgyny 37-38Сº ýetýär, üşütme, derleme, umumy ýarawsyzlyk ýüze çykýar. Obstruktiw(bronhlaryň gysylmasy bilen geçýän) bronhitde  bu alamatlara beterleşýän demgysma hem goşulýar.
Dowamly bronhitiň ýitileşýän döwründe, leýkositleriň sany artýar.
Dowamly bronhitiň bejerilmeginiň maksatlary:
  1. Bronhlaryň doly şikeslenmesiniň  tizligini gowşatmak;
  2. Ýitileşmeleriň ýygylygyny azaltmak;
  3. Gowulaşma döwrüni uzaltmak;
  4. Fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak;
  5. Durmuş we ýaşaýyş şertleri gowulandyrmak (işde we öýde).
Dowamly bronhitiň ýitileşýän döwründe näsag günüň köp bölegini ýerinden turman ýatmaly, onuň bolýan otagy gury, ýyly, oňat şemalladylan bolmaly. Gyşda otag şemalladylanda, näsagyň üstüni ýyly, galyň ýorgan bilen basyrmaly, ýüzüni penjireden sowmaly, sebäbi sowuk howa üsgülewügi güýçlendirip bilýär. Näsag öte gyzgyn otagda hem özüni oňat duýmaýar, ýöne ony şemal geçýän ýerlerden hem daşda saklamaly. Otag aşa gurak hem bolmaly däl. Şonuň üçin, peçleriň ýanynda içi suwly uly gaplary goýmaly, gyzgyn batareýleriň üstüne bolsa çyg mata ýapmaly. Dowamly bronhit ýitileşende ýokary kuwwatlylykly ýokumly tagamlary iýmeli. Onda belok we C witamini ýeterlik bolmaly. Lukmanyň görkezmesi bilen size fiziobejergi emler we bejeriş maşklary bellenilip biliner.  
Keseli bejereniňden,  wagtynda onuň öňüni almak has ähmiýetlidir. Bronhite ýazmaz ýaly, dem alyş agzalaryň we badam şekilli mäziň sowuklamasy ýaly keselleri wagtynda bejermeli.  Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykanda, lukmana ýüz tutuň.  Ol size zerur barlaglary we derman serişdelerini , beýleki bejeriş emleri geçirmegi maslahat berer.
Üsgülewüge garşy halk arasynda giňden ulanylýan derman ösümlikleri barada hem unutmaň. Olaryň birnäçesini size ýatladýarys:
  • Gara turpy gyrgyçdan geçirip, suwuny süzüp alyň. Oňa 400 gram suwuk ary balyny garyň. Bu şiräni nahardan we ýatmazdan öň 2 n.ç. içiň.
  • Atgulagyň ýapraklaryndan  demleme taýýarlamak üçin, atgulagyň ýapraklaryndan 10 gram alyp,  üstüne 200 ml gaýnag suw guýmaly.  Soňra sowadyp süzmeli, günde 6 gezek 1-2 n.ç. içmeli.
  • Sarymsagyň bir tokgasyny we düýp soganyň 10 sanysyny ownuk dograp, ýumşaýança süýtde gaýnatmaly. Soňra 1 ç.ç. narpyzyň şiresini we 1 n.ç. ary balyny garmaly. Günüň dowamynda 1 n.ç. içmeli.
  • Mandariniň gabyklaryny gaýnadyp, süzmeli. Günde 3 gezek nahardan öň 2-3 n.ç. içmeli.
Şeýle emleri wagtly-wagtynda berjaý etseňiz, üsgülewuk ýeňlär we gakylyk dem alyş ýollaryna dykylman, aňsatlyk bilen gopup aýrylar.

суббота, 1 октября 2016 г.

Dünýäniň iň baý ýurtlary

Dünýäniñ iñ baý ýurtlary!
10.AMERIKA. Adam başyna düşen gazanjy 53.001 dollar.🔹
9.ŞWESIYA. A.b.d.g 53.997 dol.🔹
8.SAN MARINO. A.b.d.g 62.776 dol.🔹
7.BIRLEŞEN ARAP EMIRLIGI. A.b.d.g

63.181 dol.🔹
6.NORWEGIYA. A.b.d.g 64.363 dol.🔹
5.KUWEYT. A.b.d.g 70.785 dol.🔹
4.BRUNEI. A.b.d.g 73.823 dol.🔹
3.SINGAPUR. A.b.d.g 78.762 dol.🔹
2.LUKSEMBURG. A.b.d.g 90.333 dol.🔹
1.KATAR. A.b.d.g 145.894 dol.🔹



Batyr Nuriyew